Milli Liderimiziň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşygy

Milli Liderimiziň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşygy

Düýn 28-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýan bilen duşuşdy.

EYR-nyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy pursatdan peýdalanyp, Milli Liderimiziň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna möhüm ähmiýet berýändigini aýtdy hem-de bu gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmagyndaky tagallalaryny aýratyn belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iki döwletiň syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda, dünýä giňişliginde, iri halkara guramalaryň çäklerinde alyp barýan hyzmatdaşlygyna ünsi çekdi hem-de EYR-nyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul eden 2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly atly Kararnamasynyň awtordaşy bolup çykyş edendigi üçin eýran tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri birek-birege berk jan saglyk, uzak ömür, işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ähli ugurlarda ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Eýran premýer-ministrler derejesinde Hazarýaka döwletleriniň üçünji ykdysady maslahatyny geçirmekçi
Hormatly Prezidentimiz Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞDY
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI
Türkmenistan we Eýran söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär