Milli Liderimiziň döredijilikli syýasaty — Watanymyzyň ösüşiniň binýady

Milli Liderimiziň döredijilikli syýasaty — Watanymyzyň ösüşiniň binýady

Ýurdumyzyň syýasy durmuşynyň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň depginleri gün-günden ýokarlanýar. Döwlet Baştutanymyz geçen hepdäniň dowamynda dürli pudaklary ösdürmek boýunça geçiren iş maslahatlarynda giň möçberli maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ösüşiň täzeçil usullaryna we ylmyň soňky gazananlaryna esaslanýan ägirt uly hem-de sazlaşykly işleriň ýerine ýetirilmelidigini belledi.

Döwletimiziň binýatlaýyn esaslaryny mundan beýläk-de berkitmek, halkara abraýyny artdyrmak we ykdysady mümkinçilikleri has-da ýokarlandyrmak milli Liderimiziň ähli başlangyçlarynyň esasy maksady bolup durýar. Bu Watanymyzy gülläp ösüşe, ählumumy bolçulyga we abadançylyga alyp barýar.

Döwlet Baştutanymyz 1-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, öňde boljak ýaz ekişine taýýarlyk, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek bilen bagly meselelere garaldy.

Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de harby gullukçylara niýetlenen lybaslaryň nusgalaryny synlady. Döwlet Baştutanymyz olary ýurdumyzyň howa şertlerine we onuň ähmiýetine, amatlylyk derejesine laýyklykda kämilleşdirmek boýunça teklipleri aýtdy.

Döwletimiziň harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy, esgerlerdir serkerdeleriň durmuşy hem-de gulluk etmegi üçin ähli şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleleri mundan beýläk-de üns merkezinde saklajakdygyny aýtdy.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda iş maslahatlaryny geçirdi. Olarda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we olary ösdürmegiň möhüm wezipeleri kesgitlenildi.

2-nji fewralda geçirilen iş maslahatynda ýangyç-energetika toplumynyň işini kämilleşdirmek we pudagyň şu ýyl üçin maksatnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de eksport mümkinçiliklerini giňeltmek wezipelerini esasy ugurlaryň hatarynda görkezdi. Nebitgaz toplumynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyna, önümçilik we hojalyk işlerine, pudagyň kärhanalary üçin ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna yzygiderli seljerme geçirilmelidir.

Döwlet haryt-çig mal biržasynda eksport maksatly satylýan nebit önümleriniň bahalarynyň bäsdeşik esasynda ýokary bolmagy gazanylmalydyr. “NAPEСO” milli nebitgaz kompaniýasynyň işiniň gerimini giňeldip, täze ýataklary özleşdirmek işlerine çekmelidir. Şunuň bilen birlikde, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň, Gyýanlydaky polimer zawodynyň doly taslama kuwwatynda işledilmegi gazanylmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyk esasynda işleýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tebigy gazyň çykarylýan mukdarynyň peselmeginiň sebäplerini gyssagly seljermegi we çig malyň çykarylyşynda durnukly depgini dikeltmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň serişde binýadyny berkitmek meseleleri barada aýdyp, geologiýa-gözleg, seýsmiki hem-de buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakda, tebigy gazyň, çig nebitiň we gaz kondensatynyň gorlaryny kesgitlemekde häzirki zaman tehnologiýalarynyň, şol sanda 3D ölçegli usullaryň ulanylmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň 3-nji fewralda onlaýn görnüşde geçiren iş maslahatynyň gün tertibine oba hojalyk pudagyny dolandyrmagy kämilleşdirmek, ony ösdürmegiň, ýetilen depginlerini saklap galmak, şeýle hem ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak meseleleri girizildi.

Milli Liderimiz obasenagat toplumynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň depginlerini ýokarlandyrmagy, dolandyryşyň netijeli usullaryny we täzeçil tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagy, önümçilik işlerini kämilleşdirmegi hem-de daşary ýurt maýalaryny çekmegi möhüm wezipeler hökmünde kesgitledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä ykdysadyýetiniň häzirki ýagdaýyny nazara alyp, ilatyň azyk önümlerine isleglerini kanagatlandyrmak üçin olaryň önümçilik möçberini artdyrmak we görnüşlerini köpeltmek zerurdyr diýip belledi.

Suw hojalyk serişdeleriniň tertipleşdirilmegine, suwaryşyň tygşytlaýjy usullarynyň we onda dünýäniň ösen tejribesiniň giňden ulanylmagyna, topragyň şorlaşmagyna garşy göreşmäge täzeçil çemeleşmeler taýýarlanylmalydyr.

Öri meýdanlary we oba hojalyk ähmiýetli sürümli ýerleri netijeli hem-de maksadalaýyk peýdalanmak, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, tohumçylygyň ösdürilmegine aýratyn üns bermek möhümdir.

Hususy pudak we daýhan birleşikleri tarapyndan oba hojalyk tehnikalarynyň, enjamlaryň we degişli şaýlaryň satyn alynmagyny guramak babatda birnäçe anyk tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň ylmy taýdan üpjünçiligini we ýokary hünärli ýaş işgärleriň taýýarlanylmagyny möhüm wezipeler hökmünde kesgitledi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň obasenagat toplumyndaky döwlet syýasaty täze kiçi we orta kärhanalary döretmek, durmuş düzüminiň şertlerini gowulandyrmak hem-de ösdürmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmegiň hasabyna oba ilatynyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümleri milli we halkara derejede bäsdeşlige ukyply bolmalydyr.

Hormatly Prezidentimiziň 4-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda gurluşyk-senagat toplumynyň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek meselelerine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgamy we täze tehnologiýalary ornaşdyrmagy, maýa goýumlaryny çekmegi, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi we gurluşyk serişdeleriniň öndürilişini artdyrmagy, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmegi, bu ugurda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagy möhüm wezipeler hökmünde kesgitledi.

Jemagat hojalygynyň işini döwrebaplaşdyrmak we jemagat hyzmatlary üçin elektron töleg ulgamyny girizmek boýunça birnäçe tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabady ösdürmegiň 17-nji tapgyrynyň maýa goýum taslamasy boýunça teklipleri taýýarlamagy, şahsy kömekçi hojalyk we ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy üçin ýer gaznasy boýunça baş meýilnamanyň taýýarlanylyşyny işjeňleşdirmegi hem-de desgalaryň gurluşyklaryny öz wagtynda tamamlamak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Senagat we gurluşyk önümçiligi kärhanalaryny doly taslama kuwwatyna çykarmak, elektron önümleriň önümçiligini ösdürmek, energiýa tygşytlamagyň ygtybarlylygyny üpjün etmek, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň mümkinçiliklerini peýdalanmak barada birnäçe görkezmeler berildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda dynç alyş ulgamyny ösdürmek meselelerine degip geçmek bilen, gurluşyk pudagynda iň soňky täzeçil işläp taýýarlamalary peýdalanmagyň zerurdygyny belledi we desgalar gurlanda olaryň şäheriň tebigy aýratynlyklary bilen utgaşmalydygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň 5-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda söwda toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipelere garaldy hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş maksatly özgertmeleriň mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrylmagynyň, bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn esasda geçmegiň wajypdygyna üns çekildi.

Milli Liderimiz içerki bazaryň azyk önümleri hem-de gündelik zerur harytlar bilen üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň bahalaryny seljermegi hem-de olary öndürijiler bilen göni gatnaşyklary ýola goýmagy, elektron söwda ulgamyny giňden ulanmagy we ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini hem-de hilini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Önümçilik maksatly desgalary we alyjylar jemgyýetine degişli hyzmat edaralaryny tapgyrlaýyn esasda hususylaşdyrmak boýunça degişli tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň eksport ugurly harytlaryna bahalary birža söwdalarynyň üsti bilen ýokarlandyrmak, biržanyň işine sanly ulgamy we internet hyzmatlaryny ornaşdyrmak, elektron işewürlik bazaryny döretmek üçin täzeçil tehnologiýalary ulanmak boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Hususy maýadarlary çekmek arkaly girdejisiz dokma önümçiliklerini paýdarlar jemgyýetine öwürmek, beýleki ýurtlar bilen söwda-täjirçilik gatnaşyklaryny, ýurdumyzyň ýokary hilli dokma önümleriniň daşarky bazardaky meşhurlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Söwda öýleriniň işlerini has-da ösdürmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Milli Liderimiz kiçi we orta telekeçilige, milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagyna goldaw bermek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna 2020 — 2021-nji ýyllarda çökgünlige garşy maksatnama laýyklykda, 2021 — 2025-nji ýyllarda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek we eksport möçberini artdyrmak boýunça maksatnamanyň taslamasyny taýýarlamak tabşyryldy.

Iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekip, Türkmenistanda ýerleşýän geografik obýektiň çäklerinde aýratyn häsiýetleri şol obýekt üçin mahsus bolan tebigy we (ýa-da) etnografik şertleri bilen kesgitlenilýän harydy haýyşnamaçynyň öndürýändigini tassyklaýan resminamany bermäge ygtyýarly döwlet edaralarynyň sanawyny tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly 6-njy fewralda geçiren iş maslahatynyň gün tertibine ulag-aragatnaşyk toplumynda geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri girizildi.

Milli Liderimiz ulgamyň girdejililigini ýokarlandyrmak, ugurdaş edaralarynyň işini kämilleşdirmek, şol sanda öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, ulag-aragatnaşyk we jemagat hojalygy pudaklary üçin zerur ugurlar boýunça ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmeginiň hem-de bar bolan serişdeleriň doly güýjünde peýdalanylmagynyň zerurdygyny belledi.

“Türkmendemirýollary” agentliginde demir ýol düzümleriniň döwrebap mümkinçilikleriniň doly güýjünde ulanylmagynyň, ýük daşamagyň, şol sanda “Lapis Lazuli” ugruny durmuşa geçirmegiň, “Demirgazyk — Günorta” ugry boýunça gatnawlary işjeňleşdirmegiň wajypdygy aýdyldy.

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýolbaşçysyna “TürkmenÄlem 52oE” milli emeli aragatnaşyk hemrasynyň ikinjisini äleme çykarmak boýunça degişli tabşyryklar berildi. Munuň özi ýurdumyzda ýer kadastryny işjeňleşdirmekde, netijede bolsa, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýetlidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Öňdebaryjy halkara tejribeleri ornaşdyrmak, ilata häzirki zaman talaplaryna laýyk hyzmatlary hödürlemek, awtomobil ulagy arkaly daşalýan ýükleriň mukdaryny artdyrmagyň hasabyna ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ugurlary mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Diýarymyzyň howa menzillerinde häzirki zaman ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek “Türkmenhowaýollary” agentliginiň işiniň esasy ugurlary bolup durýar.

Türkmenistanda döredilýän häzirki zaman ulag-üstaşyr ulgamy, kommunikasiýa we logistika ugurlary halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ýurdumyzyň ykdysady we eksport kuwwatynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär.

Şu maksat bilen, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatyny netijeli peýdalanmak boýunça zerur işleriň alnyp barylmagy, “Deňiz söwda floty” paýdarlar jemgyýetiniň kuwwatynyň doly güýjünde peýdalanylmagy, flotuň gämileri bilen ýük daşamagyň möçberiniň has-da artdyrylmagy zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumynyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegine, bu ugurda alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegine aýratyn ünsi çekdi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň köp asyrlaryň dowamynda Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolandygyny hem-de häzirki döwürde bu ugruň täze görnüşde dikeldilýändigini belläp, ulag we aragatnaşyk ulgamynyň bu ýoly dikeltmekde möhüm orun eýeleýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň 7-nji fewralda, ýekşenbe güni geçiren iş maslahatynda geçen ýylda Türkmenistanyň medeniýet ulgamynyň nähili ösdürilýändigi we häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, onuň işini mundan beýläk nähili guramalydygy, nähili usullaryň ulanylmalydygy, halkymyzyň köpasyrlyk medeni mirasyny nähili saklamalydygy hem-de geljek nesillere ýetirmek, däp-dessurlaryň üýtgewsiz saklanmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet syýasatynyň möhüm ugry we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşiniň netijeli guraly bolan medeniýet ulgamynyň ähmiýetini belläp, ony kämilleşdirmek üçin zerur işleriň amala aşyrylmalydygyny nygtady.

Milli Liderimiz ylmyň soňky gazananlaryna we täzeçil tehnologiýalara esaslanyp, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça anyk görkezmeleri berdi. Zähmeti guramagyň has netijeli usullaryny saýlap olary pudaklaýyn düzümleriň we edaralaryň işinde ulanmak, daşary ýurt maýalaryny çekmek ugrunda zerur tagallalar edilmelidir.

Taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek hem-de goramak, elektron kitaphanalaryň maglumat binýadynyň we gaznasynyň üstüni ýetirmek, döwrebap, gyzykly hem-de ýokary hilli filmleri taýýarlamak boýunça işler, milli gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmek, abraýly halkara düzümler, ilkinji nobatda bolsa, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tele we radioýaýlymlarda türkmen edebi diliniň kadalarynyň saklanylyşyna hem-de sözleýiş medeniýetine berk gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz çeperçilik ýokary okuw mekdepleri tamamlaýan uçurymlaryň iş bilen üpjünçiligine toplumlaýyn we jogapkärçilikli çemeleşmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwrüň talabyna we üýtgäp durýan şertlere laýyklykda, degişli hünärler boýunça hünärmenleri taýýarlamak, okuw meýilnamalaryna düýpli özgertmeleri girizmek, hünär ugurlaryny üýtgetmek babatda anyk tabşyryklar berildi.

Şeýle hem çagalar sungat mekdepleriniň we çeperçilik mekdepleriniň okuw meýilnamalaryna täzeden garamak, sahna oýunlarynyň we režissuranyň derejesini ýokarlandyrmak babatda anyk tabşyryklar berildi.

Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli döwlet derejesindäki çärelere hem-de şu ýylyň 22 — 27-nji iýun aralygynda Lebap welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine düýpli taýýarlyk görmäge girişmegiň zerurdygy bellenildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara medeni gatnaşyklary giňeltmek bilen, ýurtlaryň arasynda özara Medeniýet günlerini hem-de berkarar döwletimiziň parahatçylyk dörediji syýasatyny durmuşa geçirmäge ýardam berýän beýleki çäreleriň geçirilmeginiň dowam etdirmelidigini nygtady.

Beýleki wakalar baradaky gürrüňe geçmek bilen, geçen hepdede Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek işleriniň başlanandygyny bellemek gerek. Saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, Halk Maslahatyna agzalyga dalaşgärleri welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary öz mejlislerinde hödürleýärler, syýasy partiýalar, raýat toparlary welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalary bolan wekilleriniň üsti bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatyna agzalyga dalaşgärleri hödürläp bilýärler.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda her welaýatyň, Aşgabat şäheriniň çägi sekiz mandatly bir okrug bolýar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlaw gününe çenli 30 ýaşyna ýeten, ýokary bilimli we Türkmenistanda on ýylyň dowamynda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty hödürlenilip bilner.

Wideoaragatnaşyk görnüşinde Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilen geňeşmeleriň dowamynda Türkmenistan bilen Oman Soltanlygynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Bu pudagyň mundan beýläk-de ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Şeýle hem nebitgaz, dokma, himiýa, oba hojalyk pudaklarynda ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklaryny giňeltmegiň, saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegine garaldy.

ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna girizmek üçin bilelikdäki teklipleri taýýarlamak Medeniýet ministrliginde Eýranyň paýtagtynda ýerleşýän BMG-niň bu düzüminiň Klaster edarasynyň wekilleri bilen onlaýn görnüşde geçirilen duşuşykda garalan mesele boldy. Hususan-da, milli medeni mirasyň möhüm bölegi bolan türkmen el hünäri sungaty — keşdeçilik sungatynyň multinominasion faýly ara alnyp maslahatlaşyldy.

Daşary işler ministrliginde ýurdumyzda we sebitde işleýän Birleşen Milletler Guramasynyň wekilhanalarynyň hem-de onuň agentlikleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi.Taraplar bilim, saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary, azyk howpsuzlygy hem-de ekologiýa ulgamlarynda şu ýyl bellenilen meýilnamalary we taslamalary durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda 2020 — 2025-nji ýyllarda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek meselelerine garaldy.

DIM-de Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň baş sekretary Umberto de Prettonyň gatnaşmagynda geçirilen wideomaslahatda, dünýädäki pandemiýa zerarly emele gelen ýagdaýy göz öňünde tutmak bilen, logistikany hem-de sanlylaşdyrmak işlerini kämilleşdirmek arkaly ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmekde hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda BMG-niň Aziýa hem-de Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) ýerine ýetiriji sekretary, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Armida Salsiýa Alişahbana bilen onlaýn duşuşyk geçirildi.

Taraplar Türkmenistan bilen UNESCAP-nyň energetika, statistika, söwda we ulag, migrasiýany dolandyrmak, tebigy heläkçilikleriň töwekgelçiliklerini azaltmak hem-de beýleki möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlygynyň şu günki ýagdaýyna ýokary baha berdiler.

Duşuşygyň barşynda pandemiýa zerarly emele gelen dünýädäki ýagdaýa, Aral meselesine hem-de howpsuzlyk, düzgünleşdirilen we kanuny migrasiýa hakynda Ählumumy şertnamany nazara almak bilen, bilelikdäki möhüm meselelere garaldy. Şeýle hem statistika we söwda ulgamynda, hususan-da, UNESCAP-nyň çäklerinde serhetüsti kagyzsyz söwdanyň tejribesini ulanmak arkaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň Migrasiýa baradaky halkara guramanyň bilermenleri bilen wideoaragatnaşyk görnüşinde duşuşygy geçirildi. Taraplar 2020 — 2022-nji ýyllarda Türkmenistanyň adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça hereketleriniň Milli meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar. Migrasiýa, bu ulgamda maglumatlary ýygnamak we seljermek boýunça milli strategiýanyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça-da pikir alyşdylar.

Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň wekilleriniň arasynda guralan iş wideomaslahatynyň gün tertibine sebitde suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak meseleleri girizildi. Aral sebitindäki zolagyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, sebitde ykdysadyýeti we durmuş ulgamyny ösdürmek meseleleriniň aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygy bellenildi. Bu meselä hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn üns berýär.

Geçen hepdede ýurdumyzyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine bolan iş saparynyň dowamynda: Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama (maýa goýum kompaniýasyny döretmek barada); Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama (Türkmenistanda taslamalary maliýeleşdirmek barada); Türkmenistanda amala aşyryljak taslamalary maliýeleşdirmek barada Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Saparyň çäklerinde energiýanyň dikeldilýän çeşmeleriniň rejeli peýdalanylmagy, energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň wekilleriniň pandemiýa zerarly 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda açylmagy meýilleşdirilýän EKSPO Bütindünýä sergisine gatnaşmagy bilen bagly guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylarynyň 6-njy fewralda “Taliban” hereketiniň Syýasy edarasynyň wekiliýeti bilen Aşgabatda geçirilen duşuşygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän parahatçylyk döredijilikli syýasatynyň dabaralanýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Bu duşuşyk dünýä köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, ozaly bilen Türkmenistanyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan hem-de bu hereketiň wekilleri tarapyndan goldanylan halkara düzümleýin taslamalara gatnaşyjy ýurtlarda uly gyzyklanma döretdi.

Bu barada gepleşikleriň jemleri boýunça beýannamada resmi taýdan nygtaldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda neşir edilen bu baradaky habary iri habarlar agentlikleri öz sahypalarynda ýerleşdirdiler hem-de ol maglumatlar giňişliginde çaltlyk bilen ýaýrady.

“Taliban” hereketiniň syýasy edarasynyň wekiliýeti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça owgan halkynyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara taslamalaryň amala aşyrylmagyny doly goldaýandyklaryny beýan etdi.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary, şonuň ýaly-da, Türkmenistany Owganystan bilen birleşdirýän demir ýollar bu ugurda iri taslamalardyr.

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde nygtalyşy ýaly, Türkmenistan oňyn Bitaraplyk syýasatyna daýanyp, goňşy döwletde ýagdaýy diňe syýasy-diplomatik ýollar arkaly düzgünleşdirmek barada çykyş edip, Owganystanyň ykdysadyýetini hem-de durmuş düzümlerini dikeltmäge gönükdirilen anyk ädimleri ädýär, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, durnukly ösüşiň binýatlaryny üpjün etmek boýunça halkara başlangyçlary öňe sürýär.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň, mähriban halkymyzyň gülläp ösmeginiň, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň hem-de halkara abraýynyň artmagynyň hatyrasyna gönükdirilen öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň dabaralanýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

(TDH).

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20348

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Owganystandaky Mirasy
Türkiýe, Owganystanda Guralan Hüjümi Ýazgardy
Owganystanda Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DAEŞ Öz Üstüne Aldy
Eýran: "Taliban bilen gepleşikler geçirildi, meseleler çözüldi" diýdi
Eýran-Owganystan serhedinde çaknyşyklar boldy
JOINT STATEMENT FOLLOWING THE 4TH MEETING OF SPECIAL REPRESENTATIVES AND ENVOYS FOR AFGHANISTAN IN THE "CA-EU" FORMAT IN ASHGABAT