Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Gahryman Arkadagymyz aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, Türkmen bedewiniň milli baýramyny ýokary derejede geçirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk barada, Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew şäheriň çäklerinde arassaçylygy we abadançylygy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdiler.
Soňra Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepow assosiasiýanyň düzümlerinde alnyp barylýan işler we Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän giň möçberli taýýarlyk barada hasabat berdi. Şeýle hem ol şu ýyl ahalteke bedewleriniň köp sanly taýlarynyň doglandygyny, şeýlelik bilen, olaryň baş sanynyň has-da artandygyny uly buýsanç bilen habar berdi.
Gahryman Arkadagymyz täze doglan taýy synlap, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy şygary astynda geçýän ýylda Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly dabaralar bilen bellenilýändigini nazara alyp, täze doglan taýa Şahyr diýip at goýdy we taýçanagyň boýnuna alaja dakdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň häkimine Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlarynyň ýaşaýyş jaý bilen üpjünçilik meselelerini öwrenmegi we bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.