Milli Liderimiziň amala aşyrýan açyk gapylar syýasatyna eýerip

Milli Liderimiziň amala aşyrýan açyk gapylar syýasatyna eýerip

3-nji fewralda Daşary işler ministrliginde Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto bilen wideomaslahat geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda logistikanyň we sanlylaşdyrmagyň kämilleşdirilmegi arkaly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň has-da ösdürilmegine gönükdirilen hyzmatdaşlygyň giň gerimli meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem taraplar 2021-nji ýylda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň Halkara maslahatyna taýýarlyk görlüşi baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

***

Şeýle-de, şol gün Türkmenistanyň hem-de Täjigistan Respublikasynyň wekilleriniň arasynda wideogörnüşde geçirilen iş maslahatynyň gün tertibine sebitde suwdan netijeli peýdalanmak baradaky meseleler girizildi.

Onlaýn duşuşyga Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň hem-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle hem iki ýurduň ilçihanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Halkara üstaşyr ulag ulgamlaryna bagyşlanan maslahat we sergi
Raşid Meredow Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň baş sekretary bilen duşuşdy
Kolumbiýada Prezident saýlawlary
29.11.2018 | Türkmenistanda Panamanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady
ULAG ULGAMYNDA IŞJEŇ HYZMATDAŞLYK
12.08.2019 | Birinji Hazar ykdysady forumyna sebitiň ýurtlarynyň hökümet Baştutanlary gatnaşdylar
"DEVELOPMENT OF MULTIMODAL TRANSPORT CORRIDORS AND RELIABLE INFRASTRUCTURE AS A FACTOR OF SUSTAINABLE DEVELOPMENT"