Milli Liderimiz ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada umumy sapak geçdi

Şu gün paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçdi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlar bilen salamlaşyp, talyplary we okuwçylary ýurdumyzda bellenilýän uly baýramçylyk — Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän şanly 30 ýyllygy bilen gutlady.

Siz bilen duşuşmak, pikir alyşmak, duýgulary paýlaşmak, Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde gazanylan üstünlikleri beýan etmek — hemmämiz üçin uly taryh. Şol nukdaýnazardan, men hem döwlet Baştutany, Belent Serkerdebaşy, mugallym, professor, akademik hökmünde şu gün siz bilen duşuşyp ähli ugurlar boýunça beýan bilen çykyş etmek barada karara geldim diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlendi.

Soňra duşuşyga gatnaşyjylar milli Liderimiziň çykyşyny uly üns bilen diňlediler.

Men şu gün siziň bilen duşuşyp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ösüşi, häzirki ýaşlarymyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň we maşgalanyň öňündäki wezipe borçlary hakynda umumy sapak geçmek barada karara geldim diýip, hormatly Prezidentimiz köp adamly auditoriýa ýüzlendi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orny eýeleýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, ýene-de sanlyja günlerden Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolanyna 30 ýyl dolýandygyny belledi.

Bu örän möhüm senedir. Şoňa görä-de, halkymyz altyn sahypalar bilen taryha girjek Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany diýlip yglan edilen ýylyň her gününi şanly wakalara hem-de zähmet üstünliklerine besleýär diýip, milli Liderimiz nygtady.

Biz altyn güýzüň ilkinji gününde Bilimler we talyp ýaşlar gününi milli bilim ulgamynyň okgunly ösýändigini alamatlandyrýan wakalar bilen garşylaýarys. Bu gün baý many-mazmunly, ýokary döredijilik ruhuna ýugrulan çäreler eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerini gurşap alýar. Şol çäreler mukaddes döwlet Garaşsyzlygymyzy, bagtyýar durmuşymyzy dabaralandyrmak bilen, bilimler baýramynyň ägirt uly ähmiýetini açyp görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlara ýüzlenip, Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi kitabynda Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir diýip belländigini ýatlatdy.

Biz toplanan ylym-bilim tejribämiziň esasynda XXI asyrda durnukly ösüşi üpjün edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Biz asylly däbimizi dowam edip, şu gün hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň, Mejlisiň deputatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda häzirki zaman multimedia enjamlarydyr sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap orta mekdepleriň birnäçesini dabaraly açyp ulanmaga berýäris.

Bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelerimize ýadygärlik sowgat hökmünde Bilimli atly kompýuterleri gowşurýarys.Türkmen, iňlis, rus dillerindäki maglumatlary özünde jemleýän bu kompýuterleriň öz ýurdumyzda öndürilendigi aýratyn buýsançlydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlara hemişe ylym-bilime, pähim-paýhasa, akyl-danalyga teşne bolmagy öwüt berdi. Ylym-bilim ynsany belende göterýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýäris.

Döwlet Baştutanymyz uly höwes bilen okamagy, öwrenmegi, döretmegi, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmagy bagtyýar ýaşlarymyzyň borjy hasaplaýandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz ýaşlara ýüzlenip, mukaddes Garaşsyzlygyň ähli ösüşlerimiziň, şöhratly üstünliklerimiziň binýady hökmünde ähmiýetini aýratyn belledi. Üçünji müňýyllygyň öň ýanynda — 1991-nji ýylda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi. Netijede, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda düýpli özgertmelere badalga berildi.

Elbetde, 30 ýyl taryh üçin uzak möhlet däl. Muňa garamazdan, şu döwrüň içinde ýurdumyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň binýatlaryny yzygiderli berkitdik. Ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak, döwletimiziň dünýä bileleşigindäki ornuny ýokarlandyrmak boýunça ägirt uly işleri amala aşyrdyk. Türkmenistanyň iň täze taryhyna şöhratly sahypalary ýazdyk diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden ýurdumyz parahatçylygy, dost-doganlygy dabaralandyrýan oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy. Dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýdy.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan taryhy Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, Garaşsyz döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy.Türkmenistan dünýäde BMG tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwletdir. 2015-nji ýylda bu guramanyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy atly Kararnama täzeden makullanyldy. Şeýle hem biziň başlangyjymyz bilen 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk güni diýlip ykrar edildi.

Döwlet Baştutanymyz Bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti barada aýtmak bilen, Bitaraplygyň asuda, agzybir, parahatçylykly, abadan durmuşda ýaşamaga ýol açandygyny, ähli dünýä ýurtlary bilen dostlukly, ynsanperwer, medeni, ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge giň mümkinçilik döredendigini nygtady.

Bitaraplyk biziň parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy, ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylygyň ýoludyr, dünýä halklaryny dost-doganlyga çagyrýan ýoldur. Aşgabat şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy hem Bitaraplygymyzyň parahatçylygy goldamakda uly ähmiýetiniň bardygyny aýdyň tassyklaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly atly Kararnama kabul edildi.Bu gün Bitarap Türkmenistan dünýäde parahatçylygy dörediji döwlet hökmünde tanalýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda 2021-nji ýyl Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany diýlip yglan edildi.

Biziň oňyn Bitaraplyk syýasatymyz halkymyzyň şöhratly taryhyndan, asylly däplerinden gözbaş alýar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany kitabymda belleýşim ýaly, eger-de milletiň erkana we özerkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlarynyň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaýşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Bu gün Bitarap Türkmenistan sebit, yklym, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Durnukly ösüş maksatlary, öňüni alyş diplomatiýasy, derwaýys sebit meseleleri boýunça daşary syýasy we geoykdysady başlangyçlarymyz döwletimiziň dünýä jemgyýetçiliginiň umumadamzat ähmiýetli çözgüdine anyk goşant goşýandygyny görkezýär. Biziň halkara başlangyçlarymyz Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler tarapyndan yzygiderli goldanyp gelinýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Şeýdip, gönezliginde parahatçylygy döretmek sungaty duran Bitaraplyk syýasatymyzyň netijesinde dünýäniň geosyýasy giňişliginde Türkmenistan atly parlak ýyldyz döredi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýaşlara ýüzlenip, bu hakykaty siziň ähliňiz ata Watanymyza buýsanç duýgusyny oýarýan taglymat hökmünde kalbyňyzda götermelisiňiz! Bu taglymat pederlerimiziň arzuw-ynamyndan, yhlasyndan wysal bolan berkarar döwletimiziň geljegine jogapkär nesil, kalby hyjuwdan doly ýaşlar hökmünde sizi belent maksatlara ruhlandyrmalydyr diýdi.

Garaşsyzlyga eýe bolnandan soň döwlet nyşanlary — Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy, Döwlet senasy döredildi. Gahrymançylykly we şöhratly taryhymyz dikeldildi. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz hakyndaky iňňän beýik, mukaddes düşünjelerimizi Ýer ýüzünde aýan etdik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Durmuşdaky ähli düşünjedir bilimler Watandan başlanýar. Äpet Ýer togalagynyň Ýewraziýa yklymynda ýerleşýän Türkmenistan biziň eziz Watanymyzdyr, ata-babalarymyzdan miras galan we soňky nesillere galjak bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.Bu nurana topragy söýmek, goramak, gülletmek biziň her birimiz üçin parzdyr.

Biziň at-abraýymyz, mertebämiz we derejämiz şu topragyň şöhratyny belende göterip bilşimize baglydyr.Ata Watanymyzyň her daban ýeri biziň iň beýik mukaddesligimizdir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Men ýaşlygymdan halkymyzyň durmuşyny, dünýägaraýşyny, watançylygyny, ahlak kadalaryny, türkmen diliniň söz baýlygyny özünde jemleýän nakyllary depderlerime belläp almagy endik edindim. Meniň toplap, ulgamlara salan nakyllarymyň esasynda taýýarlanan Paýhas çeşmesi atly kitapda şeýle sözler bar: Adam edebinden tanalar, ýurt — tugundan diýip, döwlet Baştutanymyz ýaşlara wesýet etdi.

Bu gün Garaşsyz ýurdumyz öz Döwlet baýdagy bilen dünýäde giňden tanalýar. Biziň ýaşyl baýdagymyz dostlugyň we parahatçylygyň baýdagydyr! Döwlet baýdagy galdyrylyp, Döwlet senasy ýaňlananda, her bir türkmenistanly buýsanç bilen ör turýar. Munuň özi bütin durkuň bilen Watan mukaddesligine uýmakdyr.

Esasy Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy bolsa şöhratly geçmişimiziň, häzirki günümiziň hem-de beýik geljegimiziň belentligini, agzybirligimiziň, jebisligimiziň, abraý-mertebämiziň synmazlygyny kepillendirýän milli gymmatlygymyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow buýsanç bilen nygtady.

Ata-babalarymyzyň geçen gahrymançylykly ýoly, Watanymyzyň şöhratly taryhy görelde mekdebidir. Halkymyzyň taryhy örän gadymy bolup, ol müňýyllyklary öz içine alýar. Türkmenler şumer, hindi, hytaý, müsür, grek, latyn amerikasy halklary ýaly, dünýä gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklary bagyş eden gadymy halklaryň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Birinji müňýyllygyň başynda Beýik Hun şa döwleti, Rim we Hytaý imperiýalary bilen bäsleşen Parfiýa türkmenleriniň patyşalygy, ikinji müňýyllykda Hindistana çenli gol ýaýradan Gaznaly türkmenleriň döwleti, Hytaýdan Ortaýer deňzine çenli öz täsirini ýetiren Seljuk türkmenleriniň döwleti, ylmyň, medeniýetdir sungatyň gaýtalanmajak nusgalaryny miras galdyran Köneürgenç, Garagoýunly we Akgoýunly türkmenleriniň döwletleri Türkmenistanyň hem-de türkmen halkynyň taryhy ýolunyň örän beýikdiginiň anyk delilleri bolup durýar.

Gadymy ýazuw çeşmeleri, meşhur taryhçylaryň işleri türkmen halkynyň adamzat taryhynyň dowamynda parahatçylyk, ynsanperwerlik däplerine ygrarly bolandygyny, beýik taryhy we medeniýeti döredendigini ykrar edýär.

Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar ýaly beýik şahsyýetlerimiziň döreden kuwwatly türkmen döwletleri dünýä taryhyna altyn sahypalary ýazdy. Görogly beg, Baýram han, Soltan Jelaleddin, Keýmir kör, Gowşut han ýaly merdana gahrymanlarymyz il-ýurt üçin ata çykypdyrlar. Watan goragy ugrunda janyny orta goýan milli gahrymanlarymyzyň ömür ýollary nesiller üçin mertligiň hem-de gaýduwsyzlygyň nusgalyk mekdebidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow umumy okuw sapagyny dowam edip, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň

Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy,

Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň.

Gül-gunçasy — gara gözüm garasy,

Gara dagdan iner sili türkmeniň —

diýip, ata Watana, mähriban halka bolan buýsanjyny örän şahyrana beýan edendigini belledi.

Türkmen topragy gadymyýetden bäri şäher medeniýetiniň gülläp ösen mekanydyr. Bu toprakda Merw, Gürgenç, Nusaý, Abiwerd, Dehistan, Sarahs, Amul, Zemm, Şähryslam ýaly uly şäherler döräpdir.

Orta asyr türkmen şäherleri dünýä ylmynyň, medeniýetiniň, edebiýatynyň we sungatynyň öňe gitmeginde, baýlaşmagynda aýratyn hyzmatlary bitiripdir.Umumadamzat medeni ösüşine täsirini ýetiren Margiana, Baktriýa, Horezm, Parfiýa, Seljuk türkmen medeniýetleri, Merwiň, Nusaýyň, Ürgenjiň, Abiwerdiň, Dehistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri bütin dünýäde bellidir.

Men Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz, Gadamy batly bedew, Atda wepa-da bar, sapa-da, Arşyň nepisligi, Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy, Türkmen medeniýeti, Çaý — melhem hem ylham, Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi, Türkmen alabaýy ýaly kitaplarymda halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan nusgawy gymmatlyklaryndan söz açdym diýip, milli Liderimiz nygtady.

Kaşaň köşkleri, metjit-medreseleri, kerwensaraýlarydyr kitaphanalary bilen şöhratlanan mukaddes topragymyzyň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýoly diňe geografik we ykdysady taýdan däl, eýsem, ylym-bilim, medeniýet babatda hem Gündogar bilen Günbatary birleşdiripdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taryha özboluşly syýahatyny dowam edip, türkmen döwletlerinde ylym-bilimiň ösmegine elmydama uly üns berlendigini, munuň üçin tagalla we serişde gaýgyrylmandygyny aýratyn belledi. Şeýlelikde, şol döwletlerde Muhammet Horezmi, Abu Reýhan Biruny, Ibn Sina, Fahreddin Razy, Abu Bekir Muhammet as-Suly, Abdyrahman Hazyny, Omar Haýýam ýaly beýik alymlar we akyldarlar döräpdir.

Biz taryhyň dowamynda toplanan tejribelerden, döwrümiziň ösüşinden hem-de talaplaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýat merkezlerinde döwrebap kitaphanalary gurduk diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Aşgabat şäherindäki Asma ýolda, welaýat merkezlerindäki kitaphanalarda asman jisimlerini synlamaga, älem giňişligini öwrenmäge niýetlenen kuwwatly teleskoplar gurnaldy.

Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, Tehnologiýalar merkezinde, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde düýpli, täzeçe ylmy-barlag işlerini alyp barmak üçin zerur şertler döredildi.Bu işler Türkmenistanyň ylmyny dünýäde iň öňdebaryjy, abraýly orunlara çykarjak alymlaryň, inžener-tehnologlaryň täze nesliniň kemala gelmegine ýardam berýär.

Men Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi kitabymda döwletimiziň dünýädäki şan-şöhratyny, at-abraýyny has-da beýgeltmäge goşant goşjak ýaşlarymyz barada arzuwlarymy beýan edipdim. Siziň bilen duşuşyga gaýtmazymdan öň şol setirlere gaýtadan nazar aýladym. Şol arzuwlarymy şu okuw sapagyna hem goşmagy makul bildim diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutanymyz öz kitabyndan şol setirleri okap berip, umumy sapaga gatnaşyjylara olary depderlerine belläp almagy, okuwda, işde, durmuşda özlerine kada edinmegi tabşyrdy: Biziň topragymyzda ýene-de dünýä ylmynda iňňän wajyp ähmiýetli açyşlary edip, şamçyrag — ýolgörkeziji boljak eserleri döretjek birunylaryň, lukman hekimleriň, mäne babalaryň, horezmileriň, farabylaryň, merwezileriň, amulylaryň, zamahşarylaryň, kubralaryň, nesewileriň, massonlaryň we sarianidileriň, jykyýewleriň hem-de atanyýazowlaryň dörejekdigine men berk ynanýaryn.

Milli Liderimiz ýaşlara ýüzlenip, biziň üçin Watandan beýik gymmatlyk, halkymyzdan eziz düşünje ýokdur. Ata-babalarymyzyň Towşana — dogduk depe, Müsürde şa bolandan, öz iliňde geda bol, Ilim-günüm bolmasa, Aýym — Günüm dogmasyn, Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan ölinçä aglar ýaly dürdäne sözlerinde Watanyň gadyr-gymmaty, mukaddesligi örboýuna galýar diýlip, aýratyn nygtalýandygyny aýtdy.

Sebäbi Watanyň her daban ýeri, her gysym topragy biziň üçin mukaddesdir. Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi kitabymda merdana, batyr, gaýratly hem-de edenli türkmen serkerdesi Soltan Jelaleddin bilen bagly bir rowaýaty getiripdim diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Bir gezek söweşde serkerde agyr ýaralanypdyr. Tebipler näçe em etseler-de, sagalmandyr. Şonda serkerde: Maňa Watanymyň bir gysym topragyny getirseňiz, sagalýan diýipdir.

Tizden-tiz gadymy Wasa adam ýollapdyrlar. Atlynyň giden yzyna garap, Jelaleddin umytly garaşyp ýatypdyr. Umytda hem uly güýç bar!

Ahyrda atly bir düwünçekde Wasyň topragyny we Amyderýanyň bir jürdek suwuny alyp gelipdir. Serkerdäniň şähdi açylypdyr we tizden sagalyp, aýak üstüne galypdyr.

Milli Liderimiz bu rowaýaty mysal getirip, biziň her birimiziň, şol sanda ýaşlarymyzyň ýürekleriniň eziz Watanymyz, mähriban halkymyz bilen birdigini nygtady. Ýüregi Mähriban halkym, eziz Watanym, jan Türkmenistanym! diýip urýan, ilimiziň baky bagtyýarlygy, ýurdumyzyň beýik geljegi üçin okaýan, zähmet çekýän ýaşlar biziň buýsanjymyzdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, halk hem Watan baradaky mukaddes düşünjeler ýigitlerimiziň we gyzlarymyzyň köňülleriniň owazy, dilleriniň senasy bolmalydyr. Ýaşlarymyz ähli güýçlerini, bilimlerini hem-de başarnyklaryny Watanymyzyň ösüşlerine, dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da belende galmagyna bagyş etmelidir.

Men maslahat bolan ýerde söweşe ornuň ýokdugyny zynharlan Oguz hana, ýigidiň abraýyny onuň gahrymançylygyna, pähimine garap kesgitlän Gorkut ata, dostlaryny dogan eýlän Görogly bege ady ebedilige öwrülen gahrymanlar hökmünde belent sarpa goýýaryn. Siz şol edermen ata-babalarymyzyň dowamatydygyňyzy hem hiç haçan unutmaly dälsiňiz! — diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz berkarar döwletimiziň bagtyýar ýaşlaryna ak ýol arzuw edip, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ösüşiniň her bir tapgyrynda durmuş-ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylandygyny kanagatlanma bilen nygtady.Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuş taýdan ösüşi, ykdysady özgertmeleri üpjün edýän maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

Düýpli özgertmeler ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýar.Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar.Täze obalar, şäherdir etraplar, ýaşaýyş jaý toplumlary, mekdepdir çagalar baglary, ýollar hem köprüler gurulýar, döwlet dolandyryşy kämilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, biz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrýarys. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda gadymyýetden gözbaş alýan milli döwletlilik däplerimizden ugur almak bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny geçirip, iki palataly parlament ulgamyny döretdik. Şeýdip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna demokratik kadalary tapgyrlaýyn ornaşdyrýarys.

Medeniýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda düýpli özgertmeleri üstünlikli dowam edýäris.Gurluşykda, senagatda, oba hojalygynda, nebitgaz pudagynda ýokary ösüş depginlerini gazanýarys.Bu işleriň ählisi irginsiz ynsan zähmeti bilen hasyl bolýar diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de bagtyýar ýaşlarymyzyň-da döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda, önümçilik kärhanalarynda yhlasly zähmet çekýändiklerini, eziz Watanymyzy ösdürmäge mynasyp goşant goşýandyklaryny buýsanç bilen belledi.

Halal zähmet ynsanyň abraý-mertebesini, ömrüniň manysyny artdyrýar. Şoňa görä-de, ýaşlara şeýle sargyt edesim gelýär: beýik maksatlara ýetmek üçin zähmeti hemişe özüňize hemra ediniň! Siziň çekýän zähmetiňiz hemişe halal, ile-ýurda bähbitli bolsun! diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bagtyýar ýaşlara ýüzlenip aýtdy.

Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary, mekdep okuwçylary ýürek joşgunyny beýan edýän eserleri döretdiler. Olarda güneşli ülkämiziň gözelliklerine söýgi, berkarar döwletimize buýsanç ýaňlanýar.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz okuwa gatnaşyjylaryň öňünde Ak şäherim Aşgabat goşgusyndan bir bendi okap berdi:

Galkyp ganat gerdigim,

Sap söýgüden gurdugym,

Ýüregi sen ýurdumyň,

Ak şäherim Aşgabat!

Siz mydama ýurdumyzyň daglaryndan güýç, baglaryndan joş alyp, bagtyýar döwrümizden ruhlanyp ýaşaň! diýip, döwlet Baştutanymyz ýaşlara arzuw etdi.

Okaň, guruň, dörediň! Eziz Watanymyzy, ak şäherimiz Aşgabady, merdana halkymyzy ajaýyp şygyrlaryňyz, kyssalaryňyz, sazlaryňyz, sungat eserleriňiz bilen belentden wasp ediň!

Milli Liderimiz berkarar döwletimiziň ruhubelent ýaşlaryna ýüzlenip, biz dünýädäki çylşyrymly maliýe-ykdysady ýagdaýlara garamazdan, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürýäris diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz bäsdeşlige ukyply, ösüşiň ýokary depginlerini gazanmagyň möhüm şerti hökmünde önümçilige sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny belläp, bu ugurdan ýaş hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýändigini aýratyn nygtady.Sebäbi innowasiýalar, häzirki zaman ylymlary, nanotehnologiýalar, sanly ulgam adamzat jemgyýetini öňe alyp barýar.

Sanly tehnologiýalaryň çalt ösmegi bilen, bütin dünýäni öz içine alýan aragatnaşyk ulgamy döredilýär, täze pudaklardyr düşünjeler peýda bolýar.Döwrüň bu täzelikleri biziň jemgyýetimize hem giňden ornaşýar.Bu bolsa dünýäniň sanly giňişligine ýurdumyzyň işjeň goşulyşmagyny, halkara bazarda bäsdeşlige ukyply bolmagyny üpjün edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ylmyň durmuşdaky ornunyň ýokarlanmagy bilen, ösen tehnologiýalardan habarly täze nesil hem kemala gelýär. Bilşimiz ýaly, taryhyň bütin dowamynda ata-babalarymyz ylymdan üzňe ýaşamandyr.

Biziň ýaşlarymyz bu gün pederlerimiziň ylym dünýäsindäki beýik açyşlaryna buýsanmaga haklydyr. Şonuň bilen birlikde, olar adamzadyň ylymda hem-de tehnologiýada gazanan üstünliklerini barha düýpli özleşdirýärler.

Milli Liderimiz öňde duran ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitläp, dördünji senagat rewolýusiýasy eýýamynda ýaşlarymyzyň innowasion barlaglara işjeň gatnaşmalydygyny, dünýäniň ählumumy tehnologik ösüşinden yza galman, täze tehnologiýalary döretmelidigini aýtdy. Siz täze ylmy işleriňiz, düýpli açyşlaryňyz bilen özüňizi öňdebaryjy nesiller hökmünde dünýä tanatmalysyňyz diýip, hormatly Prezidentimiz ýaşlara ak ýol arzuw etdi.

Döwlet adam üçindir! diýen syýasatymyz esasynda biz halkymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny yzygiderli berkidýäris, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrýarys. Bu syýasat, ilkinji nobatda, goldawa we goraga mätäç raýatlara gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Zähmete ukypsyz raýatlara, maýyplara, köp çagaly maşgalalara maddy taýdan üpjünçilik we durmuş hyzmatlary edilýär. Bu iş olara pensiýalar, döwlet kömek pullary, durmuş ýeňilliklerini bermek görnüşinde, tölegler arkaly amala aşyrylýar. Döwlet serişdeleriniň hasabyna köp çagaly maşgalalara, howandarlyga mätäç çagalara, weteranlara, döwlet ýa-da jemgyýetçilik bähbitlerini goramakda saglygyny ýitirenlere goşmaça goldaw berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: Entäni goldara hemaýat ýagşy diýen sözlerini getirip, ata-babalarymyzyň öwüt-ündewlerinden ugur almak bilen, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilendigini ýatlatdy. Şeýle-de Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi gurulýar.

Milli Liderimiz ýaşlara ýene-de bir möhüm pent berip, olaryň ynsanperwerligiň we adalatyň tarapdary bolan halkyň nesilleridigini hemişe ýatlarynda saklamagy tabşyrdy.

Agzybirlik, dostlukly gatnaşyklar halkymyzyň hoşniýetli häsiýetleridir.

Atalarymyzyň döreden Agzybire Taňry biýr, agzalany gaňrybiýr, Kömekleşen ýow basar, Söýenişen ýykylmaz, El eli ýuwar, iki el birigip — ýüzi, Dostlukda menzil bolmaz, Dostsuz başym, duzsuz aşym, Dost — dostuň aýnasy ýaly pähim-paýhaslarynda agzybirlik hem-de dostluk gatnaşyklarynyň many-mazmuny nygtalýar. Birek-birege hemaýat etmek, hormat goýmak, ejize ganym bolmazlyk halkymyzda müdimilik gelýän kadadyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Bu öwütler ynsanperwerligiň, ýokary ahlaklylygyň şygarlary bolup ýaňlanýar.Görnüşi ýaly, halkymyz ýaşaýyş-durmuşyny akyl-parasat, ylym hem tejribe esasynda gurupdyr.Ynsanperwerligiň, päkligiň, ruhubelentligiň, kiçigöwünliligiň, mertligiň, dogry sözlüligiň, arassa ahlaklylygyň durmuş kadasyna öwrülendigi bellenildi. Şu esasda hem milli edep-terbiýe mekdebi döredilipdir. Şoňa görä-de, ýaşlar ata-babalarymyzyň asylly däplerini durmuş şygaryna öwürmelidir.

Bu gün türkmen paýhasy dünýä nur saçýar, türkmen topragynda ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şu şöhratly zamanada okamak, öwrenmek, ata-babalarymyzyň döreden mukaddesliklerine wepaly bolmak, eziz Watana jan-u-tenden hyzmat etmek ýaşlarymyzyň baş maksady bolmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şeýlelikde, umumy sapagyň birinji sagady tamamlandy. Biraz arakesmeden soň, umumy sapak dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, häzirki döwürde senagat taýdan ösen döwleti döretmegiň ýolunda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny we sebitleri sazlaşykly ösdürmäge uly üns berilýändigini belledi. Oba hojalygynyň paýy artdyrylýar. Pudagyň dolandyryş usullary düýpli kämilleşdirilip, oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Obalarymyz sazlaşykly ösdürilýär.

Ylmyň we tehnikanyň üstünliklerini, iň oňat dünýä tejribelerini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly sebitlerimizde gaýtadan işleýän kärhanalary, döwrebap enjamlar ornaşdyrylan önümçilikleri, ýyladyşhanalary we maldarçylyk toplumlaryny döredýäris.Daýhanlarymyz üçin dünýäniň has kämil oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny satyn alýarys.

Oba hojalyk ylymlaryny ösdürmek, pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça hem köp işler edilýär.Bu bolsa daýhanyň zähmetini ýeňilleşdirmäge, ýerden alynýan hasyly ýokarlandyrmaga, ekologik taýdan arassa önümleri öndürmäge ýardam berýär.

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça-da uly işler amala aşyrylýar. Siz soňky ýyllarda tokaý meýdanlarynyň çalt depginler bilen giňelýändigini görýänsiňiz diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Awtomobil we demir ýollarynyň ýakalarynda tokaý zolaklary barha köpelýär. Seýilgähler ýylyň bütin dowamynda gök öwüsýär. Bularyň ählisi ýurdumyzda amatly ekologik gurşawy emele getirýär. Garagum sährasynda Altyn asyr Türkmen kölüniň döredilmegi bolsa suw serişdelerini aýawly saklamaga, daşky gurşawy goramaga we gowulandyrmaga ýardam edýär

Ata-babalarymyz Bagym bar, barym bar diýipdirler.Biziň ýurdumyz gülli sähralary, durnagöz suwly çeşmeleri, tereň derýalarydyr kölleri, beýikli-pesli daglary, arça-çynarly, kerkawly, injir-enarly jülgeleri, begres geýnen dereleri, çemenlikli ýaýlalary, çogly güneşi bilen tanalýar.

Bereketli türkmen topragy ähli döwürlerde ýadawsyz zähmet hem-de Gün çogunyň bollugy bilen ösdürilip ýetişdirilen datly miweleri, gök-bakja önümleri bilen şöhratlanyp gelipdir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň buýsanç bilen belleýşi ýaly, irki ekerançylygyň we maldarçylygyň mekany bolan ýurdumyzda baryp, biziň eýýamymyzdan öňki VI-VII müňýyllyklarda ilkinji bugdaý çöregi bişirilipdir.

1904-nji ýylda R.Pampelliniň ýolbaşçylygynda amerikan ekspedisiýasy tarapyndan Änew düzlüginde bäş müň ýyl mundan ozal ýetişdirilen bugdaý tohumy tapyldy. Munuň özi biziň ülkämiziň ak bugdaýyň mekanydygyny aýdyň subut edýär.

Ata-babalarymyz Biriň müň bolsun! diýen ýagşy niýet bilen topraga bugdaý sepipdirler. Bugdaý oragyna hem gojalaryň ak pata bermegi esasynda sähetli gün girişipdirler. Çäjiňe bereket!, Harmanyňa bereket! diýip, rysgal-bereket arzuw edipdirler.

1941 — 1945-nji ýyllaryň gazaply uruş döwründe taplanan kakam Mälikguly Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, atam Berdimuhamet Annaýew bilimli adam bolupdyr.Ol nusgawy edebiýatymyzy, halk döredijiligimizi gowy bilipdir.Magtymgulynyň, Mollanepesiň, Mätäjiniň goşgularyny ýatdan aýdar eken.

Atamyň birnäçe depderden ybarat goşgularynyň hem bolandygy, şahyrlar Şaly Kekilowdyr Çary Aşyrow bilen saçakly gatnaşandygy, goşgy okaşandygy barada kakamyň beren gürrüňleri hemişelik ýadymda galdy diýip, milli Liderimiz öz ýatlamalaryny paýlaşdy.

Kakamyň uruş döwründe ýazan, gallany köp ekmäge çagyran hem-de halky zähmet çekmäge ruhlandyran goşgusynda şeýle setirler bar:

Bugdaýdan bol hasyl almagy üçin,

Açlyk belasyndan dynmagy üçin,

Duşman depesinden inmegi üçin,

Gaýrat edip, köp ekeliň dänäni!

Çörek — gudratly önüm. Halkymyz bugdaýy ekinleriň soltany saýyp, çöregi hormatlap, maňlaýyna sylmagy, onuň owuntygyny hem ýere gaçyrmazlygy, tamdyry mukaddes görmegi adata öwrüpdir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Paýhas çeşmesi kitabyna girizilen Nan — öwlüýä diýen pähim hem halkymyzda çöregiň gadyr-gymmatynyň örän ýokarydygynyň güwäsidir.Türkmen medeniýeti kitabymda mele-myssyk çöregiň mukaddesligi bilen bagly şeýle rowaýat getirilýär: Meşhur şahyr we serkerde Baýram han günleriň birinde serkerdeleri bilen sapara rowana bolupdyr.

Baýram hanyň gözi ýoluň ýakasynda ýatan çörek bölejigine düşýär.Ol derrew atyndan düşýär-de, çöregi alyp, goltugyna salýar.Serkerdeleriniň biri: Belent Serkerdämiz!Näme üçin bize buýurman, özüňiz atdan düşdüňiz?

diýip, ondan soraýar.Baýram han: Çöregi ilki men gördüm, ony ýerden almagy başga birine buýurmak çörege hormat goýmadygym bolardy diýip jogap beripdir.

Ata-babalarymyz uzak ýola gidende tamdyrdan lowurdap çykan çöregi ýanlaryndan goýmandyr. Elmydama-da türkmen çörege şeýle sarpa goýup, ony özüne ýoldaş edinipdir. Şoňa görä-de, bugdaý sümmülleri Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda ýerleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlara ýüzlenip, ýurdumyzyň gallany diňe bol öndürýän däl-de, eýsem, gerek bolsa eksport edýän döwlete hem öwrülendigini belledi. Ata Watanymyz beýleki datly ir-iýmişleriň hem mekany. Müňýyllyklaryň dowamynda daýhan ata-babalarymyz şaly, jöwen, nohut, noýba, mäş, kädi, gawun-garpyz ýaly, tagamly gök-bakja önümlerini, erik, şetdaly, armyt, hozdur pisse, badamdyr nar, üzüm ýaly miweleri öndüripdir.

Türkmen gawunlaryna hem-de kaklaryna bolsa Ýewropa we Gündogar ýurtlary uly isleg bildiripdir. Taryhy çeşmelerde türkmen gawunlarynyň Bagdada, Hytaýa, Hindistana iberilendigi aýdylýar. Häzir ýurdumyzda gawunlaryň ýüzlerçe görnüşi ýetişdirilýär.

Waharman, gülaby, garrygyz ýaly gawunlarymyz halkara sergilerde altyn we kümüş medallara mynasyp boldy.

Milli Liderimiz daýhanlarymyzyň gazanýan üstünlikleri barada aýtmak bilen, güneşli Diýarymyzyň bereketli meýdanlarynda gant şugundyryndan, şalydan hem bol hasylyň alynýandygyny belledi. Ýurdumyzyň maldarlary et we süýt öndürmek boýunça täze sepgitlere ýetýärler. Bu bolsa Diýarymyzyň ösüşiniň täze tapgyrynyň wezipelerini çözmekde, azyk bolçulygyny üpjün etmekde ägirt uly ähmiýete eýedir.

Gowaça biziň üçin örän ähmiýetli ekinleriň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Eziz Watanymyz dünýäde gowaçanyň iň gadymy mekanlarynyň biri hökmünde tanalýar. Mahmyt Gaýybynyň Otuz iki tohum kyssasy eserinde pagta päkligiň, akýürekliligiň, gowulygyň alamaty hökmünde ähli ekinlerden ýokarda goýulýar.

Gür çybyg-a, gür çybyk,

Gür çybykda bir çybyk,

Bir çybykda höwürtge,

Höwürtgede ýumurtga —

diýen türkmen halk matalynyň gowaça, goza hem-de pagta bilen bagly döredilendigini bilýänsiňiz diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Biziň baýlygymyz, şöhrat-şanymyz bolan pagtanyň süýüminden ýüplük egrilip, ekologik taýdan örän arassa hem-de adam bedenine ýakymly nah matalar dokalýar. Bu gymmatly ösümligiň çigidinden ýag, mal üçin künjara alynýar. Gowaça çöpi gaýtadan işlenip, mebel önümçiliginde we gurluşykda ulanylýan serişdeler öndürilýär.

Biz pagtany gaýtadan işläp, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän önümleri öndürýäris. Ýurdumyzda gowaçanyň tohumçylygyna aýratyn üns berip, bol hasylly, ýokary hilli orta we inçe süýümli pagtanyň täze görnüşlerini döredýäris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Soňky ýyllarda dünýäniň ösen döwletleriniň täze tehnologiýalary, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary ornaşdyrylan dokma kärhanalary gurlup ulanmaga berilýär, ýaşlar üçin müňlerçe täze iş orunlary döredilýär. Bu kärhanalarda pagta süýüminden öndürilýän ekologik taýdan arassa önümlere dünýä bazarynda uly isleg bildirilýär.

Döwlet Baştutanymyz talyplara we okuwçylara ýüzlenip, energetika senagatynyň hem möhüm pudaklaryň biridigini belledi. Soňky döwürde ýurdumyzda täze, kuwwatly elektrik stansiýalary gurlup ulanmaga berilýär.

Milli maksatnamalarymyza laýyklykda, müňlerçe kilometre uzaýan elektrik geçirijiler täzelenýär.Biz Mary welaýatynda Merkezi Aziýada iň iri, ýokary tehnologiýaly utgaşykly elektrik stansiýasyny gurduk.Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisini işe girizdik.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna gabatlap bolsa Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan täze gazturbinaly elektrik stansiýasyny dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga bereris. Şeýle hem Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda sanly tehnologiýalar arkaly dolandyryljak Günden we ýelden energiýa öndürýän stansiýany hem gurýarys diýip, milli Liderimiz belledi.

Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ykdysady garaşsyzlygymyzy berkitmegiň, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmagyň, kuwwatly, köpugurly önümçilik pudaklaryny döretmegiň esasy binýady bolup durýandygy aýratyn nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan ýerasty tebigy serişdelere baý ýurtlaryň biri bolup, mawy ýangyjyň gory boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. Pudagyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, sanly tehnologiýalaryň, şol sanda 3D modelirleme usullarynyň ulanylmagy nebit we gaz ýataklarynda gözleg işleriniň netijeli bolmagyny üpjün edýär.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen hem-de uly isleg bildirilýän nebit önümleri dünýäniň onlarça ýurduna eksport edilýär.

Asyryň iri taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy dowam edýär. Bu işleriň ählisi ata Watanymyzyň kuwwatly energetika döwleti hökmünde dünýädäki ornuny has-da berkidýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Ykdysadyýetimiziň pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda, bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleri öndürmekde, azyk howpsuzlygyny berkitmekde hususyýetçilere uly orun degişlidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Häzirki döwürde telekeçiler dürli pudaklarda milli maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Senagatda, oba hojalygynda, gurluşykda, syýahatçylykda, söwdada we durmuş hyzmatynda, halk senetçiliginde, beýleki ugurlarda üstünlik gazanýarlar.

Ozal agrar ýurt bolan Türkmenistan bu gün senagat taýdan ýokary depginler bilen ösýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow buýsanç bilen belledi.

Biz ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen, serişde we energiýa tygşytlaýjy, ekologik taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply elektron senagatyny döredýäris.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şu günki sapakda Aýdyň gijeler hojalyk jemgyýetiniň smart telewizorlary, awtomat enjamlary, yşyklandyryş gurallarydyr LED çyralary, elektroenergiýany ölçeýän enjamlary, Agzybirlik tilsimaty kärhanasynyň interaktiw panelleri, elektron tor enjamlaryny, kompýuterleri öndürýändigini aýtdy. Ýurdumyzda şeýle önümçilikleriň giňelýändigine, bu işde ýaşlaryň ornunyň artýandygyna guwanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Häzirki döwürde ylmyň iň täze gazananlary, häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan iri senagat toplumlary gurulýar.Gyýanlydaky polimer zawodynyň önümleri dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýar.Türkmenistanda tebigy gazdan sintetik ýangyjy öndürmekde dünýäde ilkinji uly möçberli taslama durmuşa geçirildi.

Ahal welaýatyndaky bu zawodda ekologiýa taýdan arassa, Euro-5 standartyna laýyk gelýän EKO-93 benzini öndürilýär.Bularyň ählisi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrýar, köp möçberde girdeji getirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, gurluşyk pudagy hem depginli ösýär. Milli maksatnamalara laýyklykda, obadyr şäherlerimizde ýaşaýyş-durmuş we medeni maksatly desgalar yzygiderli gurulýar. Bu gurluşyklaryň ählisi öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütler, milli binagärligiň gadymy däpleri hem-de häzirki zaman şähergurluşyk tejribesi esasynda amala aşyrylýar.

Aşgabat şäherinde ýaşyl begrese bürenen seýilgähler, ýaşaýyş jaýlary, saglygy goraýyş, medeni, sport we söwda merkezleri, ýokary hem-de orta okuw mekdepleri, myhmanhanalar, önümçilik kärhanalary, halkara derejeli awtoulag geçelgeleri guruldy we gurulýar. Bu desgalar halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezi hökmünde paýtagtymyzyň gözelligini has-da artdyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ýakynda bolsa Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasyny, Maslahatlar we Kabul ediş merkezlerini, Türkmenbaşy hem-de Senagat paýdarlar täjirçilik banklarynyň binalaryny, Halkara ahalteke atçylyk we Türkmen alabaý itleri assosiasiýalarynyň merkezlerini, kaşaň Arkadag myhmanhanasyny ulanmaga berdik. 25-nji maýda Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli Aşgabat-siti gurluşyk toplumynyň düýbüni tutduk diýip, milli Liderimiz nygtady.

Biziň Aşgabady ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimiz halkara derejede ykrar edildi. Şäherdäki binalaryň ençemesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi diýip, milli Liderimiz buýsanç bilen belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilýän giň gerimli işleriň netijesinde paýtagtymyzyň geljekde has-da gözelleşip, dünýäniň iň nurana şäherleriniň birine öwrüljekdigine ynam bildirmek bilen, ýaşlary paýtagtymyzyň XXI asyryň nusgalyk şäheri hökmünde ykrar edilmegine mynasyp goşantlaryny goşmaga çagyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz üstünlikli durmuşa geçirilýän ulag-logistika strategiýasynyň many-mazmunyna we ähmiýetine ünsi çekip, onuň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýandygyny belledi.Ir döwürlerde hem Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi ýurdumyzyň çäginden geçipdir.

Ol halklary we yklymlary birleşdiripdir.Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan häzirki zaman ulag geçelgelerini döretmek we kämilleşdirmek arkaly Ýewraziýa giňişliginiň ulag-logistika ulgamyna işjeň goşulýar.Häzirki wagtda ýurdumyz Günbatar — Gündogar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr geçelgeleriň taslamalaryny amala aşyrýar, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lapis Lazuli) we TRASEKA ýaly halkara ulag geçelgelerini döretmäge ýakyndan gatnaşýar.

Biz Türkmenbaşy şäherinde döwrebap Halkara deňiz portuny gurduk.Akina — Andhoý, Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy ugurlary boýunça demir ýollary we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny ulanmaga berdik.Bu işler ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmäge işjeň gatnaşýandygyny ýene-de bir gezek äşgär edýär diýip, milli Liderimiz nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň demir ýol, awtomobil, howa, deňiz we derýa ulaglarynyň düzüminiň düýpli döwrebaplaşdyrylýandygyny belledi.

Dünýä meşhur kompaniýalaryň awtobuslary, ýeňil we ýük awtoulaglary yzygiderli satyn alynýar.

Biziň alyp barýan ulag syýasatymyzy dünýä jemgyýetçiligi giňden goldaýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň durnukly ulag ulgamyny döretmek boýunça taryhy Kararnamalaryň dördüsini kabul etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Biz 2015-nji ýylda TürkmenÄlem 52oE emeli hemrasyny uçurdyk. Häzirki wagtda ikinji milli emeli hemrany döretmek we älem giňişligine çykarmak boýunça hem zerur işleri alyp barýarys. Ýurdumyzda mobil hyzmatlary, telefon, poçta, internet we IP telewideniýe ulgamlaryny hem ösdürýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Adamzat jemgyýetiniň taryhyna nazar aýlanyňda, ylym-bilimiň ösüşiň möhüm şerti bolandygyny görmek bolýar diýip, milli Liderimiz belledi. Şoňa görä-de, ylym ulgamynyň binýadyny berkitmek, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti döretmek boýunça toplumlaýyn işleri alyp barýarys.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň akademiki ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki, ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-önümçilik barlaghanalarynda, pudaklaýyn we pudagara ylmy guramalarda ylma, döredijilige höwesli ýaşlaryň täze nesli zähmet çekýär.

Zehinli ýaşlarymyz ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gymmatly ylmy barlaglary alyp barýarlar.

Bilim ulgamyny dünýä derejesinde döwrebaplaşdyrmaga, ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly nesli ýetişdirmäge hem uly ähmiýet berýäris.Munuň üçin ýurdumyzyň ähli ýerlerinde häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdepleridir çagalar baglary, Köpetdagyň sapaly jülgesinde, Awazada çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri guruldy hem-de gurulýar.

Bilim edaralary döwrebap okuw kitaplarydyr gollanmalar bilen yzygiderli üpjün edilýär.Bilim bermek işine ylmyň soňky gazananlaryny, okatmagyň innowasion usullaryny, ýokary hilli elektron bilim maglumatlaryny giňden ornaşdyrýarys.Sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegine uly üns berilýär.

Biz mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň halkara bäsleşiklerde gazanýan üstünliklerine guwanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen ýaşlarynyň geljekde-de halkara ders bäsleşiklerinde, olimpiadalarda baýrakly orunlara mynasyp bolup, ýurdumyzyň abraýyny has belende göterjekdigine berk ynam bildirdi.

Ynsan hemişe kämillige ymtylýar. Kämillik bolsa mertebe we derejedir. Ýaşlarymyz bu hakykata göz ýetirmelidir. Ýadawsyz zähmet, bilimleri we hünärleri yhlasly ele almak, tejribe toplamak kämillige eltýän ýoldur. Ýaş nesillerimizde halkymyzyň iň oňat, iň gözel, iň belent ahlagy jemlenmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Ynsanyň edebi altyndan gymmatdyr, gymmatbaha daşlardan owadandyr.

Ýaşlar, siz pederlerimiziň ýoluny mynasyp dowam edip, ýagşy gylyk-häsiýetleriňiz, adamkärçiligiňiz, başarnygyňyz bilen tanalyp, hakyky türkmen bolup dünýä çykmalysyňyz! Türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň akyly jöwher dek ýiti bolmalydyr. Çünki siz özüni taýsyz zehini bilen dünýä tanadan halkyň neslisiňiz. Türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň ýüzi nurana bolmalydyr. Çünki siz ynsanperwerligiň belent däplerini dünýä ýaýan ynsanlaryň neslisiňiz.

Türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň süňňi sap bolmalydyr. Çünki siz beden hem-de ruhy taýdan päkligiň belent kadalary bilen dünýäni haýrana goýan milletiň neslisiňiz diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlara ýüzlendi.

Çykyşda döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň gymmatly baýlygy bolan adamyň saglygyny goramak, milli saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmek babatda geçirilýän giň gerimli işlere aýratyn üns berildi.

Saglyk Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde dünýä belli öňdebaryjy kompaniýalaryň lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylan saglygy goraýyş-anyklaýyş, Ene mähri, gaýragoýulmasyz tiz kömek, kliniki we ylmy-kliniki merkezleri, köpugurly hassahanalardyr şypahanalar bina edildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe keselleriň öňüni almak, anyklamak, täze, döwrebap bejergileri geçirmek babatda ylmy usullaryň, innowasion tejribeleriň, takyk tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy milli lukmançylygyň ösüşine täze badalga berdi diýip, milli Liderimiz nygtady.

Biz şypahana edaralarynyň durkuny hem täzeledik. Dünýä meşhur Arçman, Ýyly suw, Mollagara, Awaza, Daşoguz, Farap, Baýramaly, Bagabat, Berzeňňi şypahanalarynda ynsan derdine melhem bolýan tebigy baýlyklarymyzy giňden peýdalanmaga mümkinçilik döretdik. Türkmen topragynyň müň bir derde melhem ösümliklerinden derman serişdelerini öndürýän kärhanalary gurmakda baý tejribe topladyk.

Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň: Saglygyň gadyryn bilgil, hasta bolmasdan burun diýşi ýaly, biz sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmaga aýratyn üns berýäris. Eneleriň we çagalaryň, ýetginjekleriň, uly ýaşly hem-de gartaşan adamlaryň saglygyny goramak üçin döwlet goldawyny berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäginde keselleriň öňüni almak hem-de olara garşy göreşmek boýunça gowy tejribe toplanyldy.Birnäçe howply ýokanç keselleriň ýok edilendigi, käbirleriniň hasaba alynmandygy barada Garaşsyz döwletimize halkara güwänamalar berildi. Şeýdip, berkarar döwletimiziň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösüşleriň täze belentliklerine çykarýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu beýik maksatlarymyzyň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýaşlaryň işjeň gatnaşjakdygyna berk ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz sport barada durup geçmek bilen, onuň ynsany beden we ruhy taýdan taplaýan, dünýägaraýşyny kämilleşdirýän gymmatlykdygyny belledi.

Bedenterbiýä we sporta biz jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan güýç hökmünde garaýarys. Şundan ugur alyp, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürýäris. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän sport desgalaryny, stadionlary, atçylyk-sport toplumlaryny, ýöriteleşdirilen sport mekdeplerini gurduk. Gözel paýtagtymyzda bolsa özboluşly Olimpiýa şäherçesini döretdik diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz Olimpiýa hereketini ösdürmäge mynasyp goşant goşýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň iýul — awgust aýlarynda türgenlerimiziň sportuň birnäçe görnüşi boýunça Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna işjeň gatnaşandygyny ýatlady. Biziň agyr atletikaçy türgenimiz Polina Gurýewa bolsa bu Oýunlarda üstünlikli çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy we ýurdumyza uly abraý getirdi.

Meniň geljegimiz bolan ýaşlara berjek nesihatym: sporty söýüň!

Sport güýç-gaýratdyr, gözellikdir, sagdynlykdyr we ruhubelentlikdir. Türkmen sportunyň beýik geljegi merdana ýaşlarymyzyň ynamly ellerindedir. Biz muňa çäksiz buýsanýarys diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşynda nygtaýşy ýaly, döwletimiz medeniýet ulgamyny ösdürmek ugrunda uly tagalla edýär, oňa köp möçberde serişdeleri gönükdirýär.Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň has-da kämilleşmegi üçin ähli şertleri döredýär.

Ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, zehinli hünärmenleri taýýarlamak boýunça uly işler alnyp barylýar.Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlan täze teatrlar, kitaphanalar, muzeýler, medeniýet öýleridir beýleki medeni maksatly binalar aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär.

Ak öý halkymyzyň durmuş medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. Türkmeniň ak öýlerinde döwletli maslahatlar edilipdir. Şu däpden ugur alyp, ähli welaýatlarymyzda milli binagärlik aýratynlyklaryny özünde jemleýän Türkmeniň ak öýi binalaryny gurduk. Bu gün olar halkymyzyň gadymdan gelýän myhmansöýerliginiň hem-de medeniýetiniň özboluşly nyşanydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Eziz Diýarymyzda bellenilýän şanly senelerdir baýramlar, halkara çäreler medeniýet ulgamynyň uly rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. Şu ýyl Lebap welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligi türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gazananlaryny, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda täze mümkinçilik açdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz dünýäde medeni diplomatiýanyň döwlet syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde hiç wagt ünsden düşürilmän gelýändigini aýratyn belledi.

Biz bu işde ÝUNESKO-ny iň ýakyn hyzmatdaşymyz hasaplaýarys.Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Nusaýyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi, Görogly dessançylyk sungatynyň, Küştdepdi aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy biziň alyp barýan giň gerimli medeni, ylmy diplomatiýamyzyň dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Nesip bolsa, ýakyn ýyllarda Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna birikdireris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek we keçe sungaty, demirçilik senedi, türkmen tazysy we elguş sungaty, türkmen milli göreşi hem bu sanawa giriziler. ÝUNESKO-nyň derejesinde bellenilýän şanly seneleriň sanawyna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny-da goşarys.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralaryny döredip, orta mekdeplerimiziň birnäçesini bu guramanyň Mekdepler bileleşiginiň düzümine girizeris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow talyplara we okuwçylara ýüzlenip, merdana halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri nesilleriň sazlaşykly ösüşine we terbiýesine aýratyn ähmiýet berip gelendigini nygtady. Şoňa görä-de, geçmişde ýaşap geçen beýik şahsyýetlerimiz bahasyna ýetip bolmajak akyl-paýhas mirasyny döredipdir. Olaryň eserleri nesilleri terbiýelemegiň gymmatly çeşmeleri bolup durýar.

Adamyň iň gözel häsiýetleriniň biri-de ene-ata, jemgyýete we durmuşa bolan söýgüdir.Ata-enä söýgi halkymyzyň Altyn-kümşüň könesi bolmaz, ata-enäniň — bahasy, Ata-enäniň garrysy bolmaz, asyl parçanyň — könesi, Ata razy — Hudaý razy, ene razy — pygamber razy, Ata gören ýol keser, ene gören don keser ýaly nakyllarynda hem öz beýanyny tapýar.

Ene-ata bilen perzent gatnaşyklary baradaky milli garaýyşlar Döwletmämmet Azadynyň döredijiliginiň özenine öwrülipdir.Onuň Wagzy-azat eserindäki perzendiň ene-atanyň öňündäki kyrk borjy hakyndaky pikirleri, mähre hem-de söýgä ýugrulan şygyrlary asyrlar geçse-de ähmiýetini ýitirmän gelýär.

Bu garaýyşlar ynsan aňyna, ahlagyna güýçli täsir edýän arassa öwüt-ündewler hökmünde kabul edilýär.

Halkymyzyň watançylyk hem-de adamkärçilik däpleri durmuş ýoluna gadam basýan nesillerimiz üçin geçmişi, şu güni we geljegi birleşdirýän nusgawy mekdepdir diýip, milli Liderimiz belledi.

Watana bolan söýgi ýürekde orun alan iň näzik we päkize duýgudyr.Onuň gymmatyny hiç zat bilen ölçäp bolmaz. Ýürekden çykan sözüň ýürege barşy ýaly, yhlas bilen başyna barlan iş hem bitmän galmaýar.

Her bir işe ýürekden ýapyşyp, merdana halkymyzyň adyny has-da belende götermek, başymyzyň täjine deňeýän eziz Watanymyzyň şöhratyna şöhrat goşmak siziň esasy borjuňyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlara ýüzlendi.

Milli Liderimiz şu günki beýanyny tamamlamak bilen, duşuşyga gatnaşyjylara berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, okuwda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy şowhunly, dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, şu günki duşuşygyň barşynda ýurdumyzda ähli ugurlarda alnyp barylýan giň gerimli işler hem-de möhüm durmuş meseleleri barada pikir alşylandygyny aýtdy.

Belki, bu beýanyň dowamynda käbirleriňizde sowallar dörändir, bu barada öz pikirleriňizi beýan etseňiz gowy bolardy — diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow elini galdyran talyp gyza — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby Gülsenem Orazweliýewa ýüzlenip, onuň sowal bermekçi ýa-da oý-pikirini beýan etmekçi bolýandygy bilen gyzyklandy.

Talyp gyz şu günki möhüm sapagyň özünde galdyran täsirleri barada aýdyp, milli Liderimizi “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de talyp ýaşlaryň adyndan döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür hem-de ýurdumyzyň we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň ilkinji gününde beren umumy sapagy çuňňur many-mazmuna baý bolup, bu ýere ýygnananlaryň her biriniň kalbynda ýakymly täsirleri galdyrdy hem-de baýramçylyk şatlygyny artdyrdy.

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň baýram edilýän aýynda bu möhüm wakanyň şaýady bolmak uly bagtdyr diýip, talyp gyz bu ýere ýygnananlaryň umumy pikirini beýan etdi.

Siziň Watanymyzy depginli ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar we düýpli özgertmeler baradaky täsirli çykyşyňyz, halkymyzyň şöhratly taryhy, ýeňişli üstünlikleri hem-de belent maksatlary barada aýdan sözleriňiz, ýokary terbiýeçilik ussatlygy bilen beren atalyk nesihatlaryňyz, maslahatlaryňyz hem-de nurana arzuwlaryňyz biziň ýüreklerimizi tolgundyrdy — diýip, G.Orazweliýewa aýtdy hem-de Magtymguly Pyragynyň akyldar şahyr derejesine göterilmeginde onuň ussat pederi Döwletmämmet Azady ýaly beýik halypasynyň hyzmatynyň uludygyny belledi.

Täze okuw ýylynda Siziň beren ilkinji sapagyňyz netijesinde biz Siziň mugallymçylyk ussatlygyňyzyň ömrüni asylly käre — mugallymçylyga bagyş eden mähriban pederiňiz Mälikguly agadan hem-de mähriban ataňyz Berdimuhamet Annaýewden mynasyp gözbaş alyp gaýdandygynyň şaýatlary bolduk — diýip, talyp gyz aýtdy.

Milli Liderimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň nusgalyk ömür ýoly, mähir siňdirip döreden çeper el işleri hem ähli türkmen gelin-gyzlary üçin görelde mekdebidir, kämil sungatyň ebedilik mukamydyr.

Döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda agzybirlige, watansöýüjilige hem-de zähmetsöýerlige daýanyp, täze, belent maksatlara ýetmegiň ýaşlaryň mukaddes borjy bolup durýandygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bagtyýar ýaşlar beden we ahlak taýdan sagdyn ösüp ýetişýär, ylymlary öwrenýär we bilim alýar, döredijilikli zähmet çekýär.

Gahryman Arkadagymyz, Siz ýaşlara mähriban Watanymyzyň nurana geljeginiň, eziz halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine beýik maksatlary durmuşa geçirmekde öňdäki hatarlarda bolmagy ündeýärsiňiz. Biz, ýaşlar, şol maksatlar üçin gujur-gaýrat bilen okarys, öwreneris, päk ýürek bilen döredijilikli we yhlasly zähmet çekeris, belent watansöýüjilik duýgusy hem-de agzybirlik bilen täze ýeňişlerdir üstünliklere ýeteris diýip, çykyş eden sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz şahsy göreldesi bilen Watandan, ata-babalarymyzyň mukaddes topragyndan başga beýik we gymmatly düşünjäniň ýokdugyny her kime görkezýär. Milli Liderimiziň parasatly sözleri, watançylyk we edermenlik baradaky öwüt-nesihatlary döwrebap ýaşlary terbiýelemäge ýardam edýär.

G.Orazweliýewa ýaşlaryň bagtyýar hem-de eşretli durmuşy, bilim almagy, zähmet çekmegi we dynç almagy baradaky atalyk aladalary üçin çuňňur hoşallyk bildirip, talyplaryň adyndan Bitaraplyk, parahatçylyk, dostluk hem-de doganlyk ýörelgelerini öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda kuwwatly we abadan döwlet hökmünde Watanymyzyň dünýädäki abraýynyň has-da artjakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýene-de kimde näme sowalyň ýa-da oý-pikiriň bardygy bilen gyzyklanyp, Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň 5-nji ýyl harby talyby Toýlymyrat Begmyradowy münbere çagyrdy.

Harby talyp Türkmenistanyň Prezidentine, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hem-de duşuşyga gatnaşyjylara — professorlara, mugallymlara we talyp ýaşlara ýüzlenip, şu gün bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen mähirli gutlady.

Biz, Watan goragçylary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän bu günki okuw sapagynda Siziň çuň mazmunly çykyşyňyzy, paýhasly pikirleriňizi hem-de nesihatlaryňyzy uly ruhubelentlik we hormat bilen diňledik.

Milli Liderimiziň milli bilim we ylym ulgamyny ösdürmäge berýän ünsi, ony dünýä derejesine çykarmak ugrunda görülýän çäreler talyp ýaşlarda buýsanç duýgusyny döretdi.

Bilimiň ösdürilmegine döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde garaýan döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz aladalary netijesinde bu gün ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary hem-de ýörite okuw mekdeplerinde harby talyplaryň bilim-terbiýe almagy we harby hünärleri ele almagy üçin hemme şertler döredilýär.

Harby hünärmenleriň taýýarlanylyşyna, olaryň hünär ussatlyklarynyň artdyrylmagyna, berilýän bilimiň hiline we netijeliligine aýratyn üns berilýär. Okuw işine döwrebap multimedia serişdeleri, internet we elektron kitaphana ulgamy giňden ornaşdyrylýar, sanly bilim ulgamynyň mümkinçilikleri doly ulanylýar. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijesinde harby bilimiň we harby sungatyň derejesi döwrüň talaplaryna doly kybap gelýär.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy — Watan goragçylary üçin nusgalyk görelde bolan edermen esger we ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýändigi belent mertebedir.

Biz, Watan perzentleri şu taryhy günde mundan beýläk-de Siziň mähriban ataňyz Berdimuhamet aganyň nusgalyk göreldesine, mähriban kyblaňyz Mälikguly aganyň paýhasly ýörelgesine eýerip, mukaddes harby borjumyzy ak ýürekden ýerine ýetirjekdigimize hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe buýsanç bilen gatnaşjakdygymyza tüýs ýürekden ynandyrýarys — diýip, T.Begmyradow aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň durnukly ösüş ýoluna düşen parahatçylyk dörediji, dostana döwlet hökmünde çykyş edýändigi nygtaldy.Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina hem şu ýörelgelere esaslanýar.

Hut şoňa görä-de, Milli goşunyň düzüminde bilim almak, hünär öwrenmek we gulluk etmek, ýüregi Watan diýip telwas edýän her bir türkmen raýatynyň arzuwyna öwrülýär, Watana bolan söýgi ogullaryň aňynda baky ýaşaýar.

Harby ýokary okuw mekdepleriniň ähli harby talyplarynyň adyndan çykyş eden bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän giň özgertmeler, harby bilimi we sungaty hemmetaraplaýyn ösdürmäge döredilen mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür hem-de döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Talyplaryň çykyşlary tamamlanandan soň, milli Liderimiz bu günki çärä gatnaşýanlaryň arzuw-islegleri bilen gyzyklandy. Olarda haýsydyr bir sowal dörän bolsa, sorap biljekdiklerini aýtdy. Şeýle hem Arkadag Prezidentimiz ýaşlaryň özlerini gyzyklandyrýan meseleler boýunça sowallaryny hat üsti bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanyna iberip biljekdiklerine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip: “Mähriban ýaşlar! Ýurdumyzyň gelejegi siz bilendir!” diýdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halk arasynda uly seslenme döreden ajaýyp goşgy setirlerini okady:

Parahatlyk — ýürek baýdagy,

Älem-jahan — mähir mukamy.

Türkmenistan — bahar baýramy,

Türkmenistan — dostluk mekany.

Ajap eýýam, ajap çagym bar,

Ýalkym saçýan şamçyragym bar.

Hak sylamyş Beýik gerçegin,

Gahryman halkymyz bar!

Milli Liderimiz talyplara we okuwçylara: “Mähriban we eziz ýaşlar! Siz bilen öňe, öňe, diňe öňe jan Watanym Türkmenistan!” diýen buýsançly sözler bilen ýüzlendi.

Şunuň bilen umumy sapak tamamlandy. Döwlet Baştutanymyz duşuşyga gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Oleg Kononenko nobatdaky gezek kosmosa çykar, Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenilýär, agyr atletika boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna taýýarlanýar we beýleki habarlar
Gyzylinjik
Nakgaş Allaberdi Öwezdurdyýew gözellik döretmegiň ussady
Iň gowy öý gurujylar
Hazar ýakasynyň mart aýyndaky sowuk şemaly guşlaryň ýazky göçüşine täsir etdi