Milli Liderimiz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

26-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hem-de gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk, bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdy we degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine gelip, ilki bilen, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň, Çeper halyçylyk kärhanasynyň binalarynyň ýerleşdiriljek ýerlerini synlady. Şeýle hem bu ýerde şäherde bina edilýän desgalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli dürli serişdeler görkezildi.

Gahryman Arkadagymyz önümçilik toplumlarynyň ýerleşjek ýerlerini synlap, binalaryň gurluşygynyň ýokary hil derejesine eýe bolmagynyň we olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz bu ýerde görkezilen şekil taslamalary, gurluşygy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we gurluşyklarda ulanylýan dürli bezeg serişdeleriniň, yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri bilen tanyşdy.Bular barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hasabat berdi.

Bu ýerde Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän hem-de gurluşygy dowam edýän desgalaryň taslamalary görkezildi. Şolaryň hatarynda Arkadag şäheriniň döwlet muzeýiniň, awtomobil menziliniň desgalarynyň taslamalary, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteri we onuň çäklerinde önümçilik toplumlarynyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylarynyň görnüşleri bar.

Gahryman Arkadagymyz görkezilýän taslamalar, gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, bezegleriniň görnüşleri bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we düzedişlerini girizdi.

Iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky

Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynyň barşynda D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalar üçin kesgitlenen ýer bölekleri, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol Arkadag şäheriniň gurluşygynyň Ýewropa Hil barlaglary jemgyýetiniň halkara hil baýragyna mynasyp bolandygyny guwanç bilen habar berdi we Gahryman Arkadagymyza degişli baýragy kabul etmek we bu ugur boýunça tejribe alyşmak maksady bilen, Arkadag şäheriniň wekiliýetini Awstriýa Respublikasyna iş saparyna ugratmaga hormatly Prezidentimizden rugsat soramak baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Milli Liderimiz täze şäheriň ikinji tapgyrynda önümçilik maksatly desgalar toplumynyň gurluşyklarynyň amala aşyrylmagynyň şäheriň ykdysady taýdan kuwwatlanmagy bilen bir hatarda, täze iş orunlarynyň döredilmegini hem şertlendirjekdigine ünsi çekdi.

Bu bolsa häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Şunda lukmançylyk klasterine degişli desgalar toplumynyň gurluşyk işleriniň hil derejesine we olaryň bellenilen möhletlerde gurlup ulanmaga tabşyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidir.

Gahryman

Arkadagymyz D.Orazowyň haýyşyny

hormatly Prezidentimize ýetirjekdigini aýtdy.

Binýat bolan döwründen bäri täze şäheriň dürli ugurlar boýunça birnäçe halkara güwänamalara we degişli diplomlara mynasyp bolmagy bu ýerde ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hil derejesine, halkara görkezijilere laýyk gelýändiginiň, Arkadag şäherinde ýokary ekologik ýagdaýyň saklanmagy ugrunda tagalla edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr diýip, Milli Liderimiz belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri degişli derejede dowam etdirmegi tabşyrdy.

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan giň möçberli arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri barada hasabat berdi. Arkadag şäherinde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleriň, Halkara Bitaraplyk gününiň, Täze ýyl baýramçylygynyň şanyna guraljak dabaralara ýokary derejede taýýarlyk görülýär.

Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň ýaşaýyş jaýlarynyň durmuş üpjünçiligi meseleleriniň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny belledi. Şeýle hem bu ýerde şanly seneler mynasybetli guralýan dabaralaryň şatlykly pursatlara, ýatda galyjy wakalara beslenmelidigini aýtdy. Guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde Watanymyzyň okgunly ösüşi, halkymyzyň bagtyýar durmuşy we Arkadag şäherinde gazanylýan ajaýyp üstünlikler öz beýanyny tapmalydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri baýramçylyklar mynasybetli, bagtyýar watandaşlarymyzyň Arkadag şäherinden jaý almak bagtyna eýe bolmaklary baradaky işleri ýokary derejede guramalydygyny aýtdy hem-de öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Taýçanak diýip

atlandyrmagy maslahat berdi

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygynyň şaýady bolan täze şäheriň çägi bilen gidip barşyna Akhan hem-de Köpetdag şaýollarynyň çatrygynda ýerleşýän aýlaw ýolunyň deňinde saklandy.

Bu ýerde halkalaýyn aýlaw ýolunyň gurluşygy batly depginde dowam edýär.Milli Liderimiz halkalaýyn aýlaw ýolunyň gurluşygyny we onuň merkezi künjeginde ýerleşdirilýän şekilleri synlap, bu binany Taýçanak diýip atlandyrmak barada öz maslahatlaryny berdi. Çünki bedew ähli arzuwlaryň wysalydyr.

Bedewe atlanan belent maksatlar bilen ak ýola rowanadyr.Taýçanak aýlawynyň ussat seýis Aba Annaýewiň adyny göterýän şäherçäniň golaýyndaky künjekde ýerleşdirilmegi, bu ýerde 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen athananyň bolmagy özboluşly sazlaşygy emele getirýär.

Ýene degişli makalalar

Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy
Aşgabatda Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde gurulýan halkalaýyn aýlaw ýolundaky bina "Taýçanak" adyny goýmagy maslahat berdi
Arkadag şäherinde 4-lük belgili täze elektrobus gatnawy ýola goýuldy