Milli Köşklere Bolan Gyzyklanma Artýar

Milli Köşklere Bolan Gyzyklanma Artýar

Türkiýedäki milli köşklere bolan gyzyklanma gün saýyn artýar.

2024-nji ýylda milli köşklere gelip görenleriň sany 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 20 göterim artyp 8 million 709 müň 27 adama ýetdi.

2023-nji ýylda milli köşklere 7 million 261 müň 241 adam gelip görüpdi.

2024-nji ýylda Stambul şäherindäki Topgapy köşgüne 4 million 683 müň 250, Dolmabahçe köşgüne hem 1 million 384 müň 383 adam geldi.

2024-nji ýylyň 19-njy iýulynda Prezident R. T. Erdogan tarapyndan açylan Ýyldyz köşgüne bolsa 447 müň 586 adam geldi.

Respublika taryhynyň esasy simwollaryndan biri bolan we 2024-nji ýylyň 21-nji fewralynda açylan Ankara Palasa bolsa 188 müň 471 adam gelip gördi.

Ýene degişli makalalar

“Premier Ligada” futbol baýramçylygy 11 günde 30 oýun
Messi we topardaşlary çempionata taýýar Argentinanyň düzümi belli edildi
“Çelsi”, “Arsenal”, “Tottenham”, “West Ham”… Londonyň klublary ýaryşdan çykdy
Wan Goguň sergisi açyldy
London we Mançester derbileri
“Liwerpul” içini sowatdy