Milli Howpsuzlyk gullugy Yrakda möhüm operasiýa geçirdi

Milli Howpsuzlyk gullugy Yrakda möhüm operasiýa geçirdi

Türkiyäniň Içeri işler edarasynyň işgärleriniň we Milli Howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň janlaryna kast etmek ugry boýunça tälim berilen ekstremist terror guramasy PKK-nyň agzasy "Bawer Botan" adyny ulanýan Bekir Kyna Yrakda täsirsiz ýagdaýa getirildi.

2019-njy ýylda Yraka gidip guramanyň hataryna goşulan, Bekir Kyna şu günki güne çenli Eýranda we Yrakda terrorçylykly aksiýalar geçirdi.

Türkiyäniň Ýaragly güýçleriniň düzümine, Içeri işler edarasynyň işgärleriniň we Milli Howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň janlaryna kast etmek ugry boýunça Türkiyä takmynan 150 km uzaklykda ýerleşýän Yragyň Süleýmaniýe şäherinde tälim berilendigi anyklanan Bekir Kyna, biri-birinden tapawutly ýaraglar boýunça tälim berilendigi we bikanun ýollar bilen Türkiyä ugradylmak islenendigi anyklandy.

Şol sebäpli işe girişen Milli Howpsuzlyk gullugy terrorçy Bekir Kynany tälim alýan mahaly geçiren operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirdi.

Ýene degişli makalalar

Terrorçy Yslam Dotkanlou Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Hakan Fidan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi
Türkiyäniň terrora garşy göreşi tutanýerlilik bilen dowam edýär
Hakan Fidan TRT World kanalyna beýanat berdi
Yrakda we Siriýada PKK-a agza 9 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Galla Ylalaşygynyň Möhlediniň Uzadylmagy Gaty Kyn