Milli Howpsuzlyk Gullugy möhüm operasiýa geçirdi

Milli Howpsuzlyk Gullugy möhüm operasiýa geçirdi

Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk Gullugy ekstremist terror guramasy PKK-a garşy hem ýurduň öz içinde hem-de daşary ýurtda operasiýalar geçirmäge dowam edýär.

Soňky operasiýa bolsa Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda geçirildi.

Operasiýa Milli Howpsuzlyk Gullugy we Mardin welaýatynyň Žandarma serkerdeligi tarapyndan bilelikde geçirildi.

Terror guramasy PKK-nyň Şwesiýadaky zenan gurluşyndan jogapkär agzasy Zozan Baransson atly terrorçy Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda saklandy.

Terror guramasyna garşy geçirilýän möhüm operasiýanyň netijesinde ençeme wagt bäri gözegçilik astynda bolan Zozan Baransson göz tussaglygyna alynyp, ýurduň serhetleriniň çäginden çykaryldy.

Ýene degişli makalalar

Terrora Uly Zarba Urulýar
Terrorçylar Zehra Sebat Bilen Serhat Erdogan Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terror Guramasy PKK, Siriýada Asuda Ilaty Nyşana Aldy
Yragyň Demirgazygyndan Şehit Habary Geldi
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär