Mejlisden soň Milli howpsuzlyk jarnamsy çap edildi.
Jarnamada Türkiýäniň içerki we daşarky howpsuzlygy boýunça möhüm analizler berilip, kabul edilen kararlar beýan edildi.
Jarnamda PKK/KJK-PÝD/ÝPG, FETÖ we DEAŞ ýaly terror guramalary bilen edilýän göreşiň egilşiksiz dowam etjekdigi nygtaldy.
Siriýanyň gaýtadan dikeldilmegine, Siriýanyň halkynyň asudalygyny we abadançylygyny gaýtadan dikeltmegine doly goldaw beriljekdigi ýene-de bir gezek beýan edildi.
Gazada gazanylan ylalaşygyň durnukly bolmagy we Palestina meselesinin adalatly çözülmegi üçin başlangyçlaryň edilmelidigi nygtalyp, ynsanperwer kömekleriniň Gazanyň halkyna üznüksiz ýetirilmeginiň möhümdigi beýan edildi.
Ysraýylyň halkara hukugyna bap gelmeýäň çemeleşmeleriniň bolsa sebitdäki durnuklygy bozýandygy mälim edildi.
Türkiýäniň Afrikanyň, Ýakyn Gündogaryň we Balkanlaryň başda durmagynda dünýä derejesinde düşnüşmezlikleriň parahatçylykly çözülmegi ugrundaky tagallalaryny güýçlendirjekdigi, global parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagyna dowam ediljekdigi beýan edildi.
Jarnamada Türkiýäniň milli howpsuzlygyna abanýan howplaryň ortadan aýrylmagy üçin egilşiksiz göreşini dowam etdirjekdigi we global parahatçylyga goşant goşmaga dowam etjekdigi nygtaldy.