Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi Ankarada Geçirildi

Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi Ankarada Geçirildi

Jarnamada “hukuk kadalary we gumanitar gymmatlyklar bilen gatnaşygynyň galmandygyny aç-açan yglan eden Ysraýylyň hökümeti dessine togtadylmaly” diýilýär.

Jarnamada, halkara jemgyýetçilginiň güýçlenýän reaksiýasyna garamazdan edýän gyrgynçylyklary bilen haýsydyr bir hukuk kadasy we gumanitar gymmatlyk bilen arabaglanşygynň galmandygyny aç-açan yglan eden Ysraýylyň hökümetiniň dessine togtadylmalydygy nygtalyp, eger şeýle bolman halatynda ilki ýanaşyk ýerlerde, soň bolsa bütin sebitde çaknyşyklaryň ýaýrap biljekdigi ýene-de bir gezek ýatladyldy.

Jarnamada Kipr meselesinde bolsa şeýle diýilýär: “Milli gowgamyz bolan Kipr meselesiniň Kipriň türk halkynyň özygtyýarly deňligine we deň-derejeli halkara hukuklaryna laýyklykda iki döwletli çözgüdiň esaslaryna görä netijelenmegi bilen Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň halkara jemgyýetçilginiň deň-derejeli agzasy hökmünde ykrar edilmegi boýunça pozisiýasymyzyň dowam etjekdigi nygtaldy” diýilýär.

Ýene degişli makalalar

Türki dilli döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
DKTR-nyň Premýer-ministri Ünal Üstel Ankarada Saparda Bolýar
NATO iň çylşyrymly döwrüni başdan geçirýär
Oktýabrda Aşgabatda GDA ýurtlarynyň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisi geçiriler
GDA-nyň maslahat beriş geňeşi Aşgabatda geçiriler
Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça täze resminamalara gol çekildi