
Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda: "Täze görnüşli suwasty gämi taslamasynyň 2-nji gämisi bolan Hyzyr Reis suwasty gämisi 2023-nji ýylyň 25-nji maýynda işe girizildi. Harby-deňiz güýçlerimize düşümli bolsun" diýip bellendi.
Göljük gämi gurluşyk ussahanasynda gurulan ilkinji suwasty gämi TJG Piri Reis (S-330) 2021-nji ýylyň mart aýynda işe girişipdi. Taslamanyň çäginde TJG Hyzyr Reis suwasty gämini howuza geçirmek we TJG Selman Reis suwasty gäminiň ilkinji kebşirleýiş dabarasy hem 2022-nji ýylyň 23-nji maýynda Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň gatnaşmagynda amala aşyrylypdy.