Milli Goranmak ministri terrora garşy göreş barada beýannama berdi

Milli Goranmak ministri terrora garşy göreş barada beýannama berdi

Türkiyäniň Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler 2-nji goşun serkerdeligine degişli birikmeler bilen wideo şekilli göni aragatnaşyk arkaly maslahat geçirdi.

Ýaşar Güler dowam edýän hereketler barada maglumat alyp, terrora garşy göreşde ýerine ýetiriljek işler barada görkezmeler berdi.

Terrora garşy göreşiň üstünde durup geçen Ýaşar Güler, arakesmesiz ýagdaýda dowam edýän operasiýalaryň netijesinde ekstremist terror guramasy PKK-nyň düzümine goşulýanlaryň sanynyň ýok diýip boljak derejä ýetendigini we boýun egýän terrorçylaryň sanynyň hem örän artandygyny habar berdi.

Ministr Ýaşar Güler: "Serhetaşa sebitlerden ýurdumyza howp emele getiren terrorçylykly çeşmeler ýok edildi we serhetlerimizde esaslandyrylmak islenen terror koridory böleklere bölünip, terror guramasy ýurduň içinde ýok bolmak derejesine ýetirildi.

Mundan soňky tapgyrda-da häzirki wagta çenli sebitde ýola goýan gözegçiligiň hasam giňeldilmegi we özgerdilmegi bilen terror guramasynyň aksiýa we hereket mümkinçilikleriniň ortadan aýrylmagy üçin gözümiziň görmeýän, aýagymyzyň basmadyk ýer galmaz, meýdanda çürt-kesik agdyklyk ýola goýular" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Ýene-de 16 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
2 Terrorçy Howpsuzlyk Güýçlerine Boýun Egdi
PKK/ÝPG-li 13 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär