Milli Goranmak Ministri Hulusi Akar Azerbaýjanda Saparda Bolýar

Milli Goranmak Ministri Hulusi Akar Azerbaýjanda Saparda Bolýar

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Baş ştabyň başlygy goşun generaly Ýaşar Güler we güýç serkerdeleri bilen birlikde Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwa gitdi.

Haýdar Aliýew howa menzilinde Azerbaýjanyň Goranmak ministri goşun generaly Hasanow tarapyndan garşylanan Akar üçin Goranmak ministrliginde harby dabara geçirildi.

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar bilen Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow garşylama dabarasyndan soň özara duşuşyk geçirdi.

Akar bilen Hasanow soň bolsa toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi.

Milli Goranmak ministri Akar duşuşykda “Ikinji watanymyz Azerbaýjanda saparda bolmakdan hoşal” diýdi.

Bakuwyň duşmanyň basyp alyşlygyndan halas bolmagynyň 104 ýyllygy bilen gutlan Akar, iki ýurduň arasyndaky dostlugyň we doganlygyň “bir millet iki döwlet” şygary bilen ýokary derejede dowam edýändigini belledi.

Akar, Türkiýe bilen Azerbaýjanyň dostlugynyň we doganlygynyň Azerbaýjanyň Ýaragly güýçleriniň basyp alyşlyk astyndaky topraklaryny halas eden “Bir Watan Operasiýasy” bilen has-da berçinleşdirendigini belledi.

Milli Goranmak ministri Akar, Azerbaýjanyň basyp alyşlyk astyndaky topraklaryny halas etmeginiň, Günorta Kawkazda yzygiderli parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy taýdan taryhy pursatdygyny belledi.

Çaknyşyklarda şehit bolan Azerbaýjanyň goşunynyň gahryman esgerlerini uly hormat bilen hatyralan we ýaralananlara gyssagly şypa dilän Milli Goranmak ministri “Türkiýe hökmünde şu günki güne çenli bolşy ýaly mundan soň hem Azerbaýjanly doganlarymyza goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Dünýäniň dört künjeginden Türkiyä gynanç ýüzlenmeleri gelip gowuşýar
Azerbaýjanyň we Gruziýanyň Goranmak Ministrleri Karsa Geldiler
Milli Goranmak Ministri Akar, Azerbaýjanly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Türkiyäniň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň Goranmak ministrleriniň maslahaty başlady
Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň Goranmak Ministrleri Kaýseride Duşuşar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny