Milli Goranmak Ministri Güler Grek Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy

Milli Goranmak Ministri Güler Grek Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy

Milli goranmak ministri Ýaşar Güler Gresiýanyň Goranmak ministri Nikos Dendias bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşligi,nde Gresiýada ýere gaçan ýangyn söndüriji uçaryň uçarmanlary üçin duýgudaşlyk bildirdi.

Milli goranmak ministrliginden berilen beýannama görä Güler grek kardeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Telefon söhbetdeşliginde Egribogazdaky Platanistos sebitinde ýere gaçan ýangyn söndüriji uçaryn uçarmanlary üçin duýgudaşlyk bildiren ministr Güler, Gresiýadaky ýangyn söndüriş işlerine goldawlarynyň dowam etjekdigini beýan etdi.

Düýn Gresiýanyň paýtagty Afynyndan 200 kilometre barabar alysdaky Kristo sebitinde ýangyn söndüriş işlerine gatnaşan bir uçar, iki uçarmany bilen ýere gaçypdy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Grek sebitinde ýangyn howpy
Grek adalary jahankeşdeleriň öňünde aljyraýar
Türkiýe, Gresiýanyň  Goranmak Ministrine Berk Garşylyk Görkezdi
Ersin Tatar ABŞ-da Saparda Boldy
Gresiýada Taksiçiler 1 Günlük Iş Taşlady
“1974-nji Ýylyň 20-nji Iýuly, Kipr Türkü Üçin Şanly Gün”