Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler, ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagondan berlen ýazmaça beýannamadai Ostin bilen Güleriň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi nygtaldy.
Iki kärdeşiň telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar we goranyş syýasaty hakynda pikir alyşandygy bellenildi.
Ostin bilen Güleriň, ABŞ bilen Türkiýäniň arasyndaky harby hyzmatdaşlyk barada öwgüli sözler aýdandygy we ýakyn hyzmatdaşlygyň pugtalanmak bilen dowam etmegine kanagatlanma bildirendikleri ýatladyldy.
Beýannamada, iki kärdeşiň şeýle hem Türkiýäniň, Şwesiýanyň we NATO-nyň Baş sekretarynyň arasyndaky oňyn duşuşyk we ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň Türkiýäniň harby enjamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna berýän goldawy hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.