Milli Goranmak ministri Hulusi Akar resmi sapar bilen Bosniýa-Gersegowina gitdi.
Ministr Akar paýtagt Saraýewoda ilki Bosniýa-Gersegowinanyň ilkinji prezidenti Aliýa Izzetbegowiçiň gubyrynyň ýerleşýän ýeri bolan Kowaçi Şehitligine bardy.
Akar Kowaçi şehitligindäki ýadigärlige we Aliýa Izzetbegowiçiň gubyryna gül desselerini goýup doga etdi.
Hulusi Akar kärdeşi Sifet Podzij tarapyndan harby dabara bilen garşylandy.
Milli Goranmak ministri Akar, saparynyň çäginde Bosniýa-Gersegowinanyň Baş ştabynyň başlygy Senad Masowiçi hem kabul etdi.
Hulusi Akar Bosniýa-Gersegowinada geçirjek duşuşyklaryndan soň Kosowa gider.
Akar Kosowanyň Goranmak ministrliginde resmi dabara bilen garşylanar.
Kosowanyň Goranmak ministri Armend Mehaž bilen duşuşjak Akaryň Prezident Osmani tarapyndan kabul edilmegine garaşylýar.