Milli Goranmak Ministri Akar, Azerbaýjana Gynanç Bildirdi

Milli Goranmak Ministri Akar, Azerbaýjana Gynanç Bildirdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, ermeni güýçleri bilen bolan çaknyşykda 3 esgeriň şehit bolandygy sebäpli Azerbaýjanyň Goranmak ministri goşun generaly Zakir Hasanowa gynanç bildirdi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, Akar, 11-nji aprelde Azerbaýjan-Ermenistan liniýasynda, ermeni güýçleri bilen bolan çaknyşykda Azerbaýjanly 3 esgeriň şehit bolandygy sebäpli Hasanowa gynanç ýüzlenmesini ugratdy.

Ministr Akar ýüzlenmesinde “Türkiýe bilen Azerbaýjan iki döwlet bir millet şygaryna laýyklykda gynanjyny we şatlygyny paýlaşmaga dowam edýär. Şu günki günde bolşy ýaly mundan soň hem jan doganlarymyz Azerbaýjana goldaw bermäge dowam ederis. Şehitlerimize Alladan rehnet, hossarlaryna, doganlyk azerbaýjanyň halkyna we Goranmak ministrliginiň işgärlerine çuňňur gynanç bildirýärin” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Azerbaýjan Türkiýä Gynanç Bildirdi
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türkiyäniň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň Goranmak ministrleriniň maslahaty başlady
Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň Goranmak Ministrleri Kaýseride Duşuşar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Aliýew Türk Serkerdelerini Kabul Etdi