Türkmenistanyň Milli Ak bugdaý muzeýinde Änew şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli, TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň döwlet we milli muzeýleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Muzeý işinde häzirki zaman tehnalogiýalary ornaşdyrmagyň tejribesi atly Türksoý muzeýler birleşiginiň III maslahaty we Türki dünýäsiniň Muzeýleriniň III duşuşygynyň tamamlanmagy atly halkara ylmy maslahaty geçirildi.
Maslahata dünýäniň birnäçe ýurtlaryndan hem muzeý ýolbaşçylary, arheologlar, muzeý işgärleri we taryhçylar gatnaşyp, muzeý gymmatlyklarynyň ylmy taýdan öwrenilişi, saklanylyşy we sergilenilişi barada gyzykly çykyşlar boldy.
Maslahatda çykyş edenler öz muzeýlerinde wirtual taslamanyň ornaşdyrylmagy we muzeý işiniň ösüşi hakda wideoşekiller arkaly düşündirdiler. Şonuň bilen birlikde, maslahata gatnaşan myhmanlar Milli Ak bugdaý muzeýinde hem wirtual taslamasynyň ornaşdyrylmagyny we muzeýiň ekspozisiýasynda QR- kodlary arkaly eksponalaryň maglumatlaryny özbaşdak görmek mümkinçiliginden peýdalanyp bolýandygyny aýtdylar.
TÜRKSOÝ tarapyndan maslahata gatnaşan muzeýleriň birnäçesine Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.