Prezident R. T. Erdogan, “Millete ýarag çeýäniň kimdigine garamazdan edil 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda bolşy ýaly ýene-de garşy durmaga dowam edýäris” diýdi.
Erdogan, Prezidentiň Kompleksidne geçirlen 15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik gününe bagyşlanyp geçirlen çärä gatnaşdy.
Erdogan, şu gün milletiň ýeňişiniň, eziz milletiň Fetullahçy terror guramasy FETÖ garşy ýalaňaç elleri bilen ýazan gahrymançylyk dessanynyň 8-nji ýylynyň bellenilip geçilýändigini nygtady.
“Edil 8 ýyl ozal bolşy ýaly şu günki günde hem egin egine, aýal-erkek, ýaşuly-ýaşkiçi diýmezden 85 million adamyň ýek-ýumrukdygyna” ünsi çeken Erdogan, bu jebislik we bitewilik üçin dostana ynam berýän, duşmana gorky salýan arkalaşyk üçin her bir adama sag bolsun aýtdy.
Prezident Erdogan, şol gije FETÖ-çi dönüklere goldaw berenleri asla ýatdan çykarmandyklaryny we olar bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny belledi.
Erdogan “15-nji ýylyň ýatdan çykardylmagyna asla rugsat bermeris” diýdi.