Milinkowiç-Sawiç hem Saud Arabystanynda

Italiýanyň “Lasio” klubunyň serbiýaly ýarymgoragçysy Sergeý Milinkowiç-Sawiçiň ady her transfer möwsüminde “Mançester Ýunaýted”, “Çelsi”, “Milan”, “Ýuwentus”, “Barselona” ýaly klublar bilen agzalýardy. “Milan”, “Ýuwentus”, “Mançester Ýunaýted” toparlary 28 ýaşyndaky ýyldyz oýunçyny transfer etmäge hem golaýlapdylar.

Ine-de, Milinkowiç-Sawiç ahyry klubuny üýtgetdi. Ýöne ol ýokarda ady agzalan klublaryň hiç birine-de geçmedi.Serbiýaly futbolçy käbirleriniň belleýşi ýaly karýerany däl-de, puly saýlady.Sergeý Milinkowiç-Sawiç soňky döwrüň täze ýörelgesine eýerdi. Ýagny ol Saud Arabystanynyň klublaryna transfer boldy. Ýyldyz futbolçy “Al-Hilal” toparynyň düzümine goşuldy.

Arap kluby bu transfer üçin italýan klubuna 40 million ýewro berer.Oýunçynyň özüne-de ýyllyk 20 million ýewro hak tölär.Ol täze kluby bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Milinkowiç-Sawiç 2015-nji ýyldan bäri “Lasionyň” düzüminde çykyş edip gelýärdi.Ol 341 oýunda 69 gol geçirip, 59 goluň pasyny berdi.Milinkowiç-Sawiçiň täze toparyna portugaliýaly Horge Hesus tälimçi bellenilipdi.

Topar portugaliýaly Ruben Neweşi hem-de senegally Kalidi Kulibalini transfer edipdi.

Ýene degişli makalalar

“Al-Hilal” bu gezek portugaliýaly oýunçyny transfer etdi
“Al-Hilal” “Çelsiniň” ýene bir ýyldyzyny transfer etdi
Ak lentalaryň astynda gazanylan çempionlyk (Dünýä Kubogy 1978)
3 muzeý, 3 şäher
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Mohamed Salah Angliýada ýylyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi