Türkiyäniň Ege deňiziniň kenarynda ýerleşýän syýahatçylyk zolaklary bilen meşhurlyk gazanan Mugla welaýatynyň Milas etraby, esasan hem zeýtun we zeýtun ýagy önümçiligi bilen öň hatara çykýar.Milas etrabynyň Söwda we senagat palatasynyň ýüz tutmagy netijesinde 2022-nji ýylda Türkiyäniň geografiki taýdan hasaba alynan Milas Zeýtun Ýagy Sabyny bolsa etrapdaky agaçlardan ýygnalan we naharlarda ulanyp bolmajak derejede ýokary kislotaly zeýtun däneleri bilen zeýtun ýagy gaplarynyň düýbüne çöken galyndynyň, zeýtun ýa-da arça agajy bilen güýçli otda “Kostik” diýip atlandyrylýan gidroksid bilen gaýnadylmagynyň netijesinde alynýan sabynlaryň görnüşleriniň biridir.
Sebitde ençeme ýüz ýyl bäri milli usullar bilen öndürilýän Milas Zeýtun Ýagy Sabyny, adamyň endamyny we saçyny ýumşadýandygy bilinýän bolsa, ýerli halk el we egin-eşik ýuwulanda esasan hem sabynyň bu görnüşini ulanýar.
Görnüşi süňküň reňkinde bolan sabynyň ysy, ýeňil görnüşde zeýtun ýagynyň ysyny özünde jemleýär.Milas Zeýtun Ýagy Sabynyny gyzgyn we sowuk usullar bolmak bilen iki tapawutly görnüşde öndürip bolýar.
Sowuk usulda, zeýtun ýagyndaky üýtgäp durýan komponentler bugaryp, sabyn garyndysyndan aýrylmaýandygy sebäpli, häzirki wagtda sarp edijiniň bu usula bolan islegi has ýokarydyr. Önümçiliginde ýalpyldadylmaýan we reňklendirilmeýän Milas Zeýtun Ýagy Sabyny, tebigy ýollar bilen öndürilmegi sebäpli adamyň saçyny we endamyny ýumşatmagy sebäpli sebite syýahat etmäge gelýän ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.