
Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistan awiakompaniýasy Milan (Italiýa), Kuala-Lumpur (Malaýziýa), Jidda (Saud Arabystany) we Hoşimin (Wýetnam) şäherlerine halkara howa gatnawlaryny ýola goýýar.
Häzirki wagtda Aşgabadyň Halkara howa menzilinden amala aşyryljak Kuala-Lumpur, Jidda, Hoşimin we Milan şäherlerine gidiş we gaýdyş biletleriniň onlaýn satuwy başlanyldy. Bu barada Türkmenhowaýollary agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, bu ugurlar boýunça ilkinji uçuşlaryň 2024-nji ýylyň fewral-mart aýlarynda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.
Türkmenistan awiakompaniýasy aşakdaky tertipde gatnawlary amala aşyrar:
Aşgabat Kuala-Lumpur — Aşgabat, hepdede iki gezek, sişenbe we penşenbe günleri, uçuşlar 2024-nji ýylyň 15-nji fewralyndan başlanylar;
Aşgabat Jidda — Aşgabat, hepdede üç gezek, sişenbe, çarşenbe we anna günleri, uçuşlar 2024-nji ýylyň 16-njy fewralyndan başlanylar;
Aşgabat Milan — Aşgabat, hepdede 1 gezek, çarşenbe güni, uçuşlar 2024-nji ýylyň 6-njy martyndan başlanylar;
Aşgabat Hoşimin — Aşgabat, hepdede iki gezek, sişenbe we penşenbe günleri, uçuşlar 2024-nji ýylyň 7-nji martyndan başlanylar.
Şeýlelikde, bu ýyl Türkmenistan awiakompaniýasy 12 ýurduň şäherlerine 14 sany halkara ugur boýunça uçuşlary amala aşyrar.