Milanyň häkimiýetleri howanyň güýçli hapalanmagy sebäpli şäher merkezinde hususy awtoulaglaryň hereketini gadagan etmegi meýilleşdirýär. Bu barada “Euronews” habar berýär.
Italiýanyň bu şäherindäki howanyň hapalanmagy derejesi 19,7 mkg/m3 bolup, Bütindünýä Saglyk Guramasy (BSGG) tarapyndan howpsuz hasaplanýan ortaça derejeden dört esse diýen ýaly köpdür.
Milanyň häkimi Juzeppe Sala şuňa meňzeş gadaganlyk bilen metropolda daşky gurşawyň hapalanmagyny azaltmak isleýändigini aýtdy. Eger-de onuň teklipleri goldaw tapan halatynda bu çäre 2024-nji ýylda güýje girer.
Şeýle hem bu ädimiň Milanyň iň köp hereketli ýerlerini pyýadalara has amatly etjekdigi bellendi. Ýerli häkimiýetler gadagançylygy berjaý etmek üçin gözegçilik kameralaryny ulanarlar. Sürüjiler bu çäklere rugsatsyz girenleri üçin jerime tölemeli bolarlar.
Şeýle-de bolsa, reformany hemmeler goldamady. Ýol hereketini çäklendirýänleri tankytlaýanlar, bu çäräniň diňe bir milanlylary däl, eýsem her gün işe gatnamaly bolýan çetdäki ýaşaýjylara hem kynçylyk döretjekdigini aýdýarlar.
Milan awtoulaglary gadagan etmek meselesine seredýän ilkinji Ýewropa şäheri däl. Golaýda Stokgolm benzin we dizel awtoulaglarynyň şäher merkezine girmeginiň öňüni almak meýilnamasyny yglan etdi. Täze düzgünleriň 2024-nji ýylyň 31-nji dekabrynda güýje girjekdigi habar berildi. Şeýle hem Pariž 2024-nji ýylyň başynda, Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda hususy awtoulaglary şäheriň taryhy merkezinden aýyrmagy umyt edýär.