UEFA Çempionlar Ligasynda ölüm toparçasy diýlip görkezilýän “F” toparçada 1/8 finala çykmak üçin ýiti göreş dowam edýär.Mundan 2 hepde öň Parižde 3-0 utulan “Milan” öz meýdançasynda PSŽ-ni ýyldyz oýunçylarynyň gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňdi.
Duşuşykda 9-njy minutda parižliler slowakiýaly goragçysy Milan Şkriniaryň goly bilen öňe geçdi. 3 minutdan soň Rafael Leao üstaşar urgy bilen topy derweze girizip, hasaby deňledi.Bu “Milanyň” 508 minut soň ýa-da 5 oýundan soň Çempionlar Ligasyndaky ilkinji goly boldy.
Duşuşygyň 2-nji ýarymynda-da Oliwie Žirunyň kelle urgusynda topy “Milanyň” ozalky derwezeçisi Donnarumma saklamak başartmady. Şeýlelikde, “Milan” 2-1 hasabynda ýeňiş gazanyp, utugyny 5-e çykardy.
Toparçadaky beýleki duşuşykda-da “Borussiýa Dortmund” öz meýdançasynda-da “Nýukasly” ýeňlişe sezewar etdi. 2-0 hasabynda ýeňiş gazanan dortmundlylaryň gollaryny Niklas Füllkrug (26) bilen Ýulian Brandt (79) öz atlaryna ýazdyrdylar.
Bu ýeňişden soň “Borussiýa” 7 utuk bilen 1-nji orna geçdi. 2-nji ýerdäki PSŽ-niň 6, 3-nji basgançakdaky “Milanyň” 5 utugy bar.Soňky orunda barýan “Nýukasl” topary 4 oýunda 4 utuk toplady.