“Milan”, “Inter”, “Roma”, “Ýuwentus” “Serie A”-nyň täze möwsümi

Ýewropanyň öňdebaryjy futbol çempionatlarynyň 3-sine geçen hepde badalga berlipdi. Şu hepdäniň dowamynda düýn Ispaniýanyň “La Liga” çempionatyna badalga berlip, bu gije bolsa Italiýanyň “Serie A” çempionatynyň 91-nji, umumylykda Italiýanyň ýokary ligasynyň 121-nji möwsümi başlanar.

Şu gije çempion “Milan” bilen “Udinezeniň” arasyndaky duşuşyk bilen başlanjak Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da täze möwsümde çempionlyk ugrunda-da 4-5 klub göreş alyp barjaga meňzeýär. 2 ýyldan bäri çempionlygy Milan şäheriniň wekillerine aldyran “Ýuwentus” Allegriniň tälimçiliginde bilini berk guşaýar.

Düzümini o diýen güýçlendirmedik “Milan” çempionlygyny goramak üçin elinden geleni gaýgyrmasa gerek. Çempionlygyň esasy dalaşgärlerinden “Inter” transfer möwsümine o diýen işjeň gatnaşmasa-da, Simone Inzaginiň toparyndan tamasy uly.Dibala, Matiç, Weýnaldum ýaly oýunçylary transfer eden Žoze Mourinionyň tälimçiligindäki “Roma” topary täze möwsüme çempionlyk şygary bilen başlar.

Paýtagtyň wekilini-de çempionlygyň esasy dalaşgärlerinden hasaplaýanlaryň sany az däl. “Napoli” bilen “Lasio” hem beýleki dalaşgärler bolup, iki topar hem geçen möwsümdäki tälimçileri bilen ýoluny dowam etdirýär.

“Monza” “Serie A”-nyň 68-nji täze kluby

“Serie A”-nyň täze klublaryndan “Leççe” 2 ýyldan soň ýurtdaky iň ýokary liga dolandy. “Kremoneze” kluby toparyň janköýerleriniň 26 ýyllyk “Serie A”-da çykyş etmek küýsegini ahyry şu möwsümde gidirer.

Soňky gezek 1995/96 möwsüminde ýokary ligada gara beren Lombardi welaýatynyň wekili 8-nji gezek “Serie A”-da çykyş eder.Italiýanyň çempionatynda çykyş etjek 3-nji klub “Monza” bolup, Milanyň” ozalky eýesi Silwio Berluskoniniň eýeçiligindäki topar ilkinji sapar “Serie A”-da orun alar. “Monza” topary “Serie A”-da çykyş etjek 68 klub hökmünde hasaba alyndy.

“Serie A”-daky 20 klubuň 17-sine italýan tälimçileri tälim berýär. Göýä gönezlik hökmünde bar bolan daşary ýurtly tälimçileriň 1-i Serbiýadan (Siniža Mihailowiç), ýene biri Horwatiýadan (Iwan Ýuriç), beýlekisi bolsa Portugaliýadan meşhur Žoze Mouriniodyr. 5 klub täze möwsüme täze tälimçi bilen başlaýar.

Edil beýleki çempionatlar ýaly “Serie A”-da hem noýabr-dekabr aýlarynda arakesme bolup, liganyň käbir klublary şol döwürde ABŞ-da ýoldaşlyk duşuşyklaryny, hatda, kiçeňräk bäsleşik hem geçirmegi göz öňünde tutýar. 2023-nji ýylyň 4-nji iýunynda çempionat soňky tapgyrynyň duşuşyklary geçiriler.

“Serie A”-da 1-nji tapgyryň duşuşyklary:

13-nji awgust: Milan Udineze (21:30)

13-nji awgust: Sampdoriýa Atalanta (21:30)

13-nji awgust: Leççe Inter (23:45)

13-nji awgust: Monza Torino (23:45)

14-nji awgust: Fiorentina Kremoneze (19:30)

14-nji awgust: Lasio Bolonýa (19:30)

14-nji awgust: Salernitana Roma (23:45)

14-nji awgust: Spesiýa Empoli (23:45)

15-nji awgust: Werona Napoli (21:30)

15-nji awgust: Ýuwentus Sassuolo (23:45)

Ýene degişli makalalar

Azmun “Serie A”-daky ilkinji goluny geçirdi
“Serie A”-da 13-nji tapgyrdan soň üýtgän zat ýok
“Serie A”-da öňdebaryjy toparlaryň iň kiçi hasaply ýeňişleri
Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
Ýewropada ýeňilmedik ýok
Serdar Azmun Baýerden Roma geçdi