“Milan” bilen “Intere” ýeňiş ýeňil düşmedi

UEFA Çempionlar Ligasynda 5-nji duşuşyklar geçirilip, bu kubogyň 7 gezek eýesi “Milan” myhmançylykda “Slowan Bratislawa” bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda “Milan” 3-2 hasabynda ýeňiş gazandy. “Milanyň” gollaryny 21-nji minutda Kristian Pulişiç, 68-nji minutda 2-nji ýarymda oýna goşulan Rafael Leao hem-de 71-nji minutda goragçylaryň gödek ýalňyşlygyndan peýdalanan Temmi Abraham geçirdi.

Angliýaly hüjümçi ilkinji gezek UÇL-de gol geçirmegi başardy. Ýer eýelerinden bolsa Barsegýanyň 24-nji, Marçelliniň 88-nji minutlardaky gollary ýeňşe ýetmedi.

Milan şäheriniň beýleki wekili “Inter” bolsa öz meýdançasynda “Leipsigi” Lukebanyň 27-nji minutda ýalňyşlyk bilen öz derwezesinden geçiren ýeke-täk goly esasynda ýeňdi. Edil “Leipsig” hem “Slowan” ýaly 5-nji duşuşygynda ýeňlişe sezewar boldy.

Ýene degişli makalalar

Çempionlar Ligasynda 5-nji duşuşyklaryň gysgaça statistikalary
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
“Milanyň” hem-de “Žironanyň” ilkinji ýeňşi
UEFA Ýewropa ligasy
“Real” Madridde hem ýeňiş gazanýar
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Slowakiýa Respublikasynda saparda boldy