“Milan” "Barselonanyň" 72 ýyl öňki üstünligini gaýtalady

“Milan” "Barselonanyň" 72 ýyl öňki üstünligini gaýtalady

“Milan” Italiýanyň A Seriýa ýaryşynyň 14-nji tapgyrynda “Laziony” "San-Siro" stadionynda 3:2 hasabynda ýeňdi.

"Milana" 90-njy minutda jemleýji pökgini geçiren goragçy Teo Hernandez ýeňiş getirdi. Şeýle hem oýunda onuň topardaşlary Ante Rebiç we Hakan Çalhanoglu (11 metrlik jerime urgusyndan) tapawutlandylar. "Laziodan" bolsa Luis Alberto we Çiro Immobile derwezä pökgi geçirdi.

Stefano Pioliniň şägirtleri 1948-nji ýyldan bäri bir senenama ýylynda liganyň yzly-yzyna 16 oýnunda azyndan iki pökgi geçiren ilkinji klub boldy. 72 ýyl mundan ozal bu rekordy "Barselona" goýupdy. 1948-nji ýylda Katalon kluby yzly-yzyna 18 oýunda azyndan iki gezek garşydaşlarynyň derwezesine pökgi geçiripdi.

Mundan başga-da, "Milan" 2020/21 möwsüminde Ýewropanyň iň gowy bäş ligasynda heniz ýeňilmedik ýeke-täk topardyr.Häzirki wagtda milanlylar ýurduň çempionatynda 34 utuk bilen birinji orunda barýarlar. “Lazio” bolsa 21 utuk bilen sekizinji orunda ýerleşýär.

Ýene degişli makalalar

“Milan” ýeňlişsiz ýeke-täk topar
“Napoli” we “Ýuwentus” bir ädim öňde
Horwatiýanyň düzümi belli boldy
Sportuň taryhynda şu gün 21-nji sentýabr
Transfer möwsümi tamamlandy
4-nji finalda ýeňiş gazandy