Ýewropa Bileleşigi mikroshemalary işläp düzmäge we olary öndürmäge goýberilýän maýa goýumlaryny has-da artdyrýar. Ýöne indi olara Hytaýdan zerur bolan esasy çig mallary satyn almak has-da kynlaşýar.
XXI asyrda mikroçipler ykdysady abadançylygyň nyşany hökmünde nebitiň ornuny tutdy.Bular jübi telefonlarynyň, tozan sorujylaryň, Gün panelleriniň, elektroulaglaryň iň möhüm böleklerine öwrüldi.Emma Ýewropa Bileleşiginde ýarymgeçirijiler henizem az öndürilýär. Şonuň üçin Ýewropada Çip baradaky kanun işlenip düzüldi.
Kanunda dünýä önümçiliginiň 20%-ini emele getirjek çipleriň önümçiligini 2030-njy ýyla çenli dört esse artdyrmak göz öňünde tutulýar.
-Biz Gündogar Aziýanyň üpjün edijilerine garaşlylygymyzy azaltmalydyrys. Çip üpjünçilik zynjyrlarymyzdaky töwekgelçilikli ýagdaýlary işjeň ýagdaýda aradan aýyrmak zerurdyr. Biz Ýewropada çipleriň dizaýnyny, synagyny we önümçiligi ösdürmeli. Şeýlelikde Çipler baradaky kanun emele gelen ýagdaýy büs-bütin özgerder diýip, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen aýtdy.
Ýewropa Komissiýasy bu taslama 43 milliard ýewro döwlet we hususy maýa goýumlaryny çekmegi maksat edinýär.Bu mukdardan 1 milliardy Belgiýanyň Lýowen şäherindäki barlag merkezine bölünip berler. Çünki ol ýerde dürli ýurtlardan ýüz töweregi elektronika boýunça hünärmen işleýär.
Birnäçe ýyldan, oňa ýanaşyk önümçilik desgalary diňe bir Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň isleglerini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä bazaryndaky bäsdeşlerine hem gysyş görkezip başlar.
-Çip baradaky kanun, şübhesiz, garaşylýan netijäni berer. Emma islegden artykmaç üpjünçilik döredip, bahalaryň arzanlamagyna sebäp bolup biler. Şonda salgyt töleýjiler tarapyndan goldanylýan kompaniýalar köp zyýan çeker. Eýsem, Ýewropa şeýle gelejek gerekmi? Häzirki wagtda Taýwana, Hytaýa az garaşly bolmak, hakykatdanam, möhümdir öýdýän bolsalar gerek diýip, Marşal gaznasynyň (ABŞ) bilermeni Ýakob Kirgegor aýtdy.
Bu aralykda, soňky wagtlar Ýewropa Bileleşigi bilen Hytaýyň söwda gatnaşyklarynda ýüze çykan dartgynlyk has-da artýar. Golaýda Pekin mikroçip öndürmek üçin niýetlenen iki sany esasy metallara – galliý we germaniýanyň eksportyny çäklendirmek bilen ikitaraplaýyn söwdada täze päsgelçilikleri döretdi. Öz gezeginde Brýussel hytaý kompaniýalaryna çip tehnologiýalaryna, esasan hem, emeli aň üçin elýeterliligi kynlaşdyrdy.
Indi Çip baradaky kanun Strasburgdaky Ýewropa deputatlaryna hödürlener we makullanan halatynda güýzde güýje girer.