Mihail Mişustin Türkmenistanyň Prezidentini Ýeňiş güni bilen gutlady

Mihail Mişustin Türkmenistanyň Prezidentini Ýeňiş güni bilen gutlady

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Mihail Mişustinden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli gutlag haty gelip gowuşdy.

Türkmenistan gazetinde çap edilen gutlag hatynda Mihail Mişustin şeýle belleýär:

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Ýeňiş güni Russiýanyň we Türkmenistanyň halklary üçin söweş meýdanlarynda nasizme garşy göreşen hem-de tylda tutanýerli zähmet çekip, Beýik Ýeňşi ýakynlaşdyran gahrymanlaryň ýatlanylýan günüdir.Biziň ata-babalarymyz gazaply kynçylyklara döz gelip, geljek nesilleriň parahat durmuşynyň goragynda durdular.

Halklarymyzyň ýowuz uruş ýyllarynda taplanan doganlygynyň we birek-birege goldaw bermeginiň asylly däpleriniň Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin mundan beýläk-de berk binýat boljakdygyna ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Türkmenistanda ýaşaýan weteranlara we tylda zähmet çekenlere berk jan saglyk, bagtyýarlyk, uzak ömür baradaky arzuwlarymy ýetirmegiňizi Sizden haýyş edýärin!.

Ýene degişli makalalar

Dmitriý Medwedew Türkmenistanyň Prezidentini Ýeňiş güni bilen gutlady we uruş weteranlaryna minnetdarlyk bildirdi
Gazagystanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentini Beýik Ýeňiş güni bilen gutlady
Ýewraziýa döwletleriniň gün-tertibindäki möhüm wakalar
Türkmenistanyň Prezidentine Tatarystanyň ilkinji Prezidentinden gutlag haty geldi
Serdar Berdimuhamedowa Goşun generaly harby ady dakyldy
Lukaşenko: Minsk bilen Aşgabadyň arasyndaky özara gatnaşyk tejribesi mundan beýläkki hyzmatdaşlyk üçin esas bolar