Mihail Boýarskiý teatrdaky işini bes etmekçi

Mihail Boýarskiý teatrdaky işini bes etmekçi

Russiýanyň halk artisti Mihail Boýarskiý teatrdaky zähmet ýoluny tamamlamakçy, bu barada ol ýurduň teleýaýlymlarynyň birinde habar berdi diýip, RIA Nowosti habarlar gullugyna salgylanýan Belta.by saýty ýazýar.

Artistiň sözlerine görä, onuň bu gelen karary saglygy bilen baglydyr. Boýarskiý 2021-nji ýylda başdan geçiren koronawirus keselinden soň saglygynyň ýaramazlaşandygyny aýtdy. Ol keselden gutulan hem bolsa, sahnada kynlyk bilen hereket edýändigini, aýdym aýtmagyň, tans etmegiň hemişe başardyp durmaýandygyny gizlemedi.

Öňkülerim ýaly ýeňil gopup bilmeýärin. Onsoňam kowidden soňky bimarlyk diýseň ýakymsyz ýagdaý bolar ekeni diýip, goja artist zeýrendi.

Ol özüne öýde köpräk bolup, agtyklary bilen wagt geçirmegiň ýaraýandygyny aýtdy.

Geçen ýylyň dekabrynda Mihail Boýarskiý 73 ýaşady. 1990-njy ýyldan bäri ol Russiýanyň halk artisti derejesiniň eýesi. Aktýorlyk zähmet ýolunyň dowamynda Boýarskiý onlarça çeper filmde baş keşpleri döretdi, olaryň arasynda D’Artanýan we üç muşketçi, Uly ogul, Kölegedäki köpek, Artykmaç petek filmleri artiste has uly meşhurlyk getirdi.

Ýene degişli makalalar

Berliniň üstünde asman jisimi partlady
Pol Kagame Ruandeniň Prezidentligine ikinji möhlete saýlandy
Ermenistanyň demirgazygynda 230 adam sil sebäpli göçürildi
Amerikadaky Azatlyk diňine ýyldyrym düşdi
Niderlandlarda Wan Goguň nakgaşlyk eseri satuwa çykarylar
Hindistandaky Dal kölünde ýüzýän öýler ýandy, heläk bolanlar bar
Hindistanda dini çäre wagty 300 adam iýmit zäherlenmesinden ejir çekdi