"Migrant Media" - migrantlara niýetlenen proýekt

"Migrant Media" - migrantlara niýetlenen proýekt

Gadyrly okyjylar!

Merkezi Aziýa habarlar gullugy (Azat Ýewropa / Azatlyk Radiosy (RFE/RL) korporasiýasynyň taslamasy) siziň dykgatyňyza täze başladylan “Migrant Media” rubrikasyny hödürleýär.

Häzirki wagtda Merkezi Aziýa ýurtlarynda migrasiýa we onuň bilen bagly ýagdaýlar iň möhüm meseleleriň hatarynda bolmagynda galýar. "Migrant Media" taslamasy migrantlaryň ýerleşýän ýurtlaryndaky hukuklary, borçlary we ýaşamak düzgünleri baradaky habardarlygyny ýokarlandyrmagy maksat edinýär.

Habarly bolmak, goragly bolmagy aňladýar!Bu proýekt öz ýurdunyň daşyna çykan ýa-da çykmagy indi meýilleşdirýän zähmet migrantlaryna peýdaly bolup biljek soňky maglumatlary ýetirmegi göz öňünde tutýar.

Centralasian.org websaýtynda regional we halkara täzelikler bilen bir hatarda biziň täze “Migrant Media” rubrikamyz bilen hem tanyşyp bilersiňiz, şeýle-de migrantlara peýdaly bolup biljek köp gyzykly maglumatlary okap bilersiňiz.

Bu maglumatlar biziň şu Telegram kanalymyzda hem elýeterli bolar: https://t.me/migrantsmedia

Ýene degişli makalalar

Derňewler Moskwada türkmen pasportlarynyň galplaşdyrylmagyna ünsi çekýär
Täjigistanda ençeme türkmen migranty saklandy
Gyzynyň şübheli ölümi boýunça adalat gözleýän enäniň media çykyşlary polisiýa işjeňligini artdyrdy
"Russiýada işlemekden hiç bir many görmeýäris". Daşary ýurtlulara taksi sürmegiň gadagan etmegi barada, migrantlar näme pikir edýärler?
“Yslam döwletiniň” agzalaryny Ýewropa we Amerika gaçyrýanlykda şübhelenip tutulanlaryň arasynda iki Türkmenistanly bar
Türkiýäniň suw giňişligine itilen migrantlar halas edildi