Microsoft Translator platformasyna türkmen dili girizildi

Microsoft Translator platformasyna türkmen dili girizildi

Maşyn terjimesiniň hyzmatlaryny özünde jemleýän Microsoft Translator platformasyna türkmen dili girizildi. Bu barada kompaniýanyň resmi saýtynda bellenilýär.

Dünýä belli Microsoft kompaniýasynyň 2000-nji ýylda ýola goýlan maşyn terjime ulgamy yzygiderli döwrebap özgerýär. Bu günki günde onda has anyklyk üçin emeli neýron aragatnaşygynyň mümkiinçilikleri ulanylýar.

Microsoft Translator barada has giňişleýin maglumatlary onuň internet saýtyndan almak mümkindir.

Ýatlatsak, 2020-nji ýylda Google Translate hyzmatynda türkmen dili peýda bolupdy, Apple kompaniýasynyň iOS operasion ulgamynda bolsa ilkinji gezek türkmen dilli klawiatura ulanyşa girizilipdi.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň gymmat brendleri
Täze sepgide ýetdi
Uly girdeji gazandy
Dünýäde iň gymmat kompaniýa agzaldy
Apple dünýäde iň gymmat brend diýlip yglan edildi
Gaýtadan birinji boldy
“Apple” kompaniýasy “Vision Pro” garniturasy bilen tanyşdyrdy