Microsoft Android bilen baglanyşykly önümleri ösdürmek üçin täze bölümçe döretdi

Microsoft Android bilen baglanyşykly önümleri ösdürmek üçin täze bölümçe döretdi

Microsoft-yň käbir işläp düzüji toparlaryny täzeden üýtgedip gurmagyň netijesinde Android Microsoft Platform and Experience ady bilen täze bölümçäniň döredilendigi belli boldy. Bu barada Microsoft-yň önümler boýunça müdiri Panos Panaýyň kompaniýanyň işgärlerine iberen hatynda aýdylýar diýip, 3dnews.ru belleýär.

Panaýyň habarynda Surface Duo OS, SwiftKey, Phone Link, Microsoft Launcher bölümçeleriniň, şeýle-de işi Android bilen baglanyşykly bolan käbir beýleki toparlaryň Android Microsoft Platform and Experience-iň bir bölegi bolandygy aýdylýar. Öň Android bilen baglanyşykly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine iOS üçin önümleri döretmek bilen meşgullanýan Microsoft Mobile Experience bölümçesi jogap berýärdi.

Bar bolan maglumatlara görä, Microsoft ýakyn ýyllarda Android we Windows bilen baglanyşykly birnäçe taslamany durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär. Ilkinji nobatda, gürrüň Windows programma platformasy bilen Android esasly smartfonlaryň ösen integrasiýasy barada gidýär. Işläp düzüjiler Android-i Windows kompýuterine goşundy hökmünde görýärler we ulanyjylara dürli funksiýalary ulanmak mümkinçiligini bermegi maksat edinýärler.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, täze bölümçä öň Surface-iň korporatiw wise-prezidenti bolan Ali Akgun ýolbaşçylyk eder. Şeýle-de, korporatiw wise-prezident Maýkl Fortiniň häzirki wezipesinden gitjekdigi, onuň wezipe borçlarynyň we ygtyýarlyklarynyň birnäçe bölümçäniň ýolbaşçylarynyň arasynda paýlanjakdygy habar berilýär.

Ýene degişli makalalar

5-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy täzelikleri Turkmenportal
Dünýäde iň köp satylýan oýun belli edildi
“Microsoft” Gazagystanda köp sebitli merkez açar
Microsoft korporasiýasy Netflix wideoulgamyny 190 milliard dollara satyn almakçy
Bill Geýts haýsy smartfony halaýandygyny aýtdy
Russiýa Microsoft bilen bagly beýanat berdi