“Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” neşiri öz çeşmelerine salgylanyp, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komitetintiň (häzir MHM) merkezi apparatynyň ozalky bölüm müdiri Allamyrat Allakulyýewiň türmede ýogalandygyny habar berýär.
Çeşmäniň maglumatyna görä, A.Allakulyýew on gün çemesi ozal ýogalypdyr, onuň ölen gününiň anyk senesi ýok.
Mary welaýatynda doglan podpolkownik Allakulyýew “Olary diri görkeziň” kampaniýasynyň sanawy esasynda türkmen türmesinde diri ýitenleriň biri bolup durýar. “Gündogar” neşiriniň maglumatyna görä, ol 2002-nji ýylyň iýunynda Türkmenistanyň MHK-synyň ozalky başlygy Muhammet Nazarowyň işi boýunça 18 ýyl azatlykdan mahrum edildi.
Neşiriň çeşmesi A.Allakulyýewiň başda AH-T/2 (Owadandepe) türmesinde jezasyny çekendigini, soňra ozalky hukuk goraýjylaryň Akdaş şäherçesinde (Balkan welaýaty) ýerleşýän koloniýasyna geçirilendigini hem habar berdi.
Mundan öň “Türkmenistanyň Hronikasy” türkmen türmesinde diri ýitenleriň başga biriniň, Begmyrat Otuzowyň ölümi barada habar berdi.
TAH-yň anyklan maglumatlaryna görä, polkownik Otuzow şu ýylyň fewralynda däl-de, 2017-nji ýylyň dekabrynda ýogalypdyr. Neşir garyndaşlarynyň onuň jesedini Tejendäki şäher morgundan alyp gaýdandyklaryny belleýär. Ozal Otuzowyň “Owadandepe” türmesinde ýogalandygy habar berlipdi.