MHM mollalary şugulçylyga çekýär, başga dinlere uýýan adamlar barada habar bermegi talap edýär

MHM mollalary şugulçylyga çekýär, başga dinlere uýýan adamlar barada habar bermegi talap edýär

Türkmenistan din azatlygynda ýene-de aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň sanawyna goşulýan mahaly, Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) ýerli edaralary Balkan welaýatynda din wekillerini, mollalary şugulçylyga çekip, olardan öz jemagatynyň dini garaýyşlary, başga dinlere, şeýle-de radikal dini toparlara eýerýän adamlar barada maglumat toplamagy talap edýär.

“MHM we polisiýa edaralary şäherlerde we obalarda metjitlerdäki ymamlardan özlerine şugul hökmünde hyzmat etmegi talap edýärler. Bu mollalar resmi ýa-da resmi däl din wekilleri bolup, MHM işgärleri sişenbe güni welaýatyň tas ähli sebitlerinde ýerli dindarlar bilen söhbetdeşlik geçiripdirler” diýip, ýagdaýdan habarly çeşmeler aýdýar.

Balkan welaýatynyň Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinden, şeýle-de Jebel şäherçesinden hem-de Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş we Guwlymaýak şäherçelerinden bolan ýerli ýaşaýjylaryň birnäçesi şeýle maglumatlary tassykladylar.

Din işgärleri ýerli häkimlikleriň mejlisler zallarynda geçirilen ýygnaklara çagyrylyp, olaryň üstüne häkimiýetleriň şugulçylyk talaplary ýüklenipdir.

“Milli howpsuzlyk ministrliginiň din işlerine gözegçilik edýän ofiserleri, etrap kuratorlary ýerli mollalardan öz ýaşaýan obalarynda, jemagatynda başga dine uýýan adamlar, Ýehowa şaýatlary, şeýle-de Krişna dinine ynanýan adamlar, şol bir wagtda Yslam dininiň radikal toparlaryna eýerýän adamlar barada maglumat toplap, olar barada hasabat taýýarlamagy talap edýärler” diýip, çeşme aýdýar.

Din wekilleri häkimiýetler tarapyndan başga-da käbir wezipeler bilen borçlandyrylýarlar.

Toýlarda we sadakalarda, dini çärelerde döwlet syýasatyny wagyz etmek, prezidentiň alyp barýan syýasatyny mahabatlandyrmak ýaly wezipeler din wekilleriniň üstüne ýüklenýär.

Türkmenistanda soňky ýyllarda din wekilleriniň syýasata çekilmegi, metjitlerde olardan syýasaty wagyz etmekligiň talap edilmegi ýaly hadysalar barada berilýän habarlar has-da ýygjamlaşdy.

Mundan ozal, hatda döwlet telewideniýesinde efire berlen wideo reportažlarda ymamlar metjitlerde Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazan kitaplaryny jemagata okap berýän görnüşde görkezilipdi.

Häkimiýetler halkyň ynanç-ygtykadyny gözegçilikde saklamak boýunça ýyllarboýy alyp barýan berk gözegçilik çärelerini gowşatmaýan mahaly, Türkmenistan Birleşen Ştatlaryň din azatlygy hasabatynda ýene bir gezek “aýratyn alada bildirilýän” döwletleriň sanawynda galdyryldy.

'Aýratyn alada'ABŞ-nyň Halkara din azatlygy boýunça komissiýasynyň (USCIRF) 2024-nji ýylda dünýäde din azatlygynyň ýagdaýy boýunça çap eden hasabatynyň Türkmenistana bagyşlanan bölüminde bu ýurtda häkimiýetleriň halkyň din-wyždan azatlygyny basgylaýşy barada hasabat berilýär.

“2024-nji ýylda Türkmenistanda din azatlygynyň ýagdaýy gözgyny bolmagynda galdy” diýip, hasabat aýdýar.

Hasabatda Yslam dininiň Türkmenistanda döwlet tarapyndan oňlanýan wersiýasyndan gaýry görnüşlerine eýerýän adamlaryň, şeýle-de bu ýurtda ýaşaýan Hristianlaryň, hususan-da Protestanlaryň hem-de Ýehowa şaýatlarynyň häkimiýetler tarapyndan gorkuzmalara sezewar edilmegi barada maglumat berilýär.

Hasabata görä, ýurduň din kanunçylygy bellige alynmadyk dini işleri gadagan edýär, hem-de dini materiallary berk çäklendirýär, şeýle-de, kanunlarda “ekstremizm” gümürtik terminler bilen, ýagny “duşmançylygy öjükdirmek” ýaly adalgalar bilen kesgitlenip, bu ýagdaý parahatçylykly dini işleriň häkimiýetler tarapyndan eden-etdilikli jogapkärçilige çekilmegine rugsat berýär.

Şeýle-de, hasabatda Hristian dinine eýerýän adamlaryň, hususan-da Protestanlaryň hem-de Ýehowa şaýatlarynyň ýurtda bellige alynmagynyň öňüniň baglanmagy, olaryň kanun esasynda ynanç-ygtykatlaryny berjaý edip bilmeklerine rugsat berilmezligi barada maglumat berilýär.

Türkmenistan bilen bir hatarda Owganystan, Täjigistan, Pakistan, Hindistan, Eýran, Hytaý we Russiýa ýaly jemi 12 döwlet Birleşen Ştatlar tarapyndan din azatlygy babatynda “aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň” sanawyna goşulypdyr.

Türkmenistan soňky on ýyldan gowrak wagt bäri bu hasabatda tas her ýyl diýen ýaly aýratyn alada bidirilýän ýurtlaryň sanawynda saklanyp galýar.

Balkanda Milli howpsuzlyk ministrligi tarapyndan şugulçylyga çekilýän mollalar özlerine bir kagyza gol goýdurylandygyny aýdýarlar. Şeýle-de, olara häkimiýetler tarapyndan özleriniň öz islegleri boýunça hyzmatdaşlyga razyçylyk berýändikleri aýdylypdyr.

Din wekilleri munuň üçin özlerine hiç hili tölegiň wada berilmändigini aýdýarlar.

“Türkmenbaşyly bir molla degişme bilen bu işler üçin özlerine nähilidir bir tölegiň tölenip-tölenmejekdigini’ sorady. MHM işgärleri olara siziň halkdan alýan pullaryňyz size ýetýär, döwlet sizden salgyt soranok. Gurhan kitabyny bir gezek hatym edip berseňiz, garyp bendelerden 2 müň manat pul alýarsyňyz’ diýip, ýarym degişme äheňde jogap berdi” diýip, ýygnakdan habarly çeşmeler aýdýar.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 2025-nji ýylyň başyndan bäri Balkan welaýatynda özge dinleriň wekillerine garşy basyşlaryň güýçlenendigini habar berýär.

Ol häzirki wagtda munuň bilen bagly käbir anyk wakalaryň jikme-jikliklerini öwrenýär.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda raýatlarynyň din azatlygynyň çäklendirilmegi, şol sanda Balkan welaýatynda ýerli din wekilleriniň şugulçylyga çekilmegi barada Milli howpsuzlyk ministrliginden resmi teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Germaniýada aşa sag bilen hyzmatdaşlyk protestlere sebäp boldy
ABŞ-nyň Stambuldaky Başkonsullugynyň Öňünde Protest Ýörişi Geçirildi
Ýylyň jemleri 2024: Syýasy üzňelik, dymyşlyk we doňaklyk ýadawlygy özgeriş teşneligi bilen ýugruldy
Maryda ýaşaýjylar çörek bişirýän zawoduň öňünde protest geçirdiler
Aktiwistler Nýu-Ýorkda we Waşingtonda çykyş edip, türkmen syýasy tussaglarynyň boşadylmagyny talap etdi
Türkmen häkimiýetleri Mansur Mingelowyň boşadylmagyna garamagy wada berdiler