MHM işgäri azyk paýlaryny ýatyrmak teklibine garşy çykan mekdep garawulyny ýygnakdan kowdy

MHM işgäri azyk paýlaryny ýatyrmak teklibine garşy çykan mekdep garawulyny ýygnakdan kowdy

Şu günler günbatar Balkan welaýatynyň tas ähli etraplarynda, şäher we oba ýerlerinde häkimiýet wekilleri we Mejlisiň deputatlary ýerli ýaşaýjylar bilen duşuşyp, döwlet dükanlarynda ilata hödürlenilýän ýeňillikli azyk paýlarynyň ýatyrylmagy boýunça teklipler bilen çykyş edýärler.

Raýatlar durmuş-ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän mahaly, resmiler şeýle tekliplerini “halkyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy hem-de bagtyýar zamanada’ ýurtda emele gelen azyk bolçulygy we elýeterliligi” bilen delillendirmäge çalyşýarlar.

Teklipler häkimiýetler tarapyndan öňe sürülýär, ýerli ýaşaýjylar olar bilen ylalaşmaga mejbur edilýärler. Ýygnaga gatnaşyjylardan teklip hatlarynyň aşagyna gol goýmak talap edilýär.

Şeýle ýygnaklaryň biri 12-nji aprelde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Medeniýet öýünde geçirildi. Duşuşyga mekdep müdirleri, mugallymlar, Zenanlar guramasynyň wekilleri, Kärdeşler arkalaşyklarynyň we Alyjylar jemgyýetleriniň agzalary, başga-da birnäçe döwlet kärhanasynyň işgärleri, şol sanda döwlet dükanlarynyň satyjylary we ýönekeý raýatlar, umuman, 500 töweregi adam gatnaşdyryldy.

Bu ýygnak, habar berilmegine görä, Türkmenistan üçin adaty bolmadyk seýrek bir jedele şaýat boldy. Duşuşyga çagyrylan bir mekdep garawuly ýygnagyň dowamynda ýurtda bar bolan durmuş-ykdysady kynçylyklara we gymmatçylyga salgylanyp , azyk paýlarynyň ýatyrylmagy baradaky tekliplere garşylyk beýan edipdir. Munuň yz ýany, Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýygnaga gatnaşýan bir işgäri tekliplere garşy çykan garawuly ýygnakdan kowdy.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanda kesgitli möçberlerde un we ösümlik ýagy ýaly esasy iýmit önümleri azyk paýlary hökmünde döwlet dükanlarynda arzan bahadan raýatlara hödürlenilýär.

Mejlisiň täze deputatlary günbatar sebitde ýerli ýaşaýjylar bilen duşuşyp, agzalýan azyk paýlarynyň ýatyrylmagyny teklip edýärler.

Deputatlar öz çykyşlarynda un, çörek we ösümlik ýagy ýaly önümleriň raýatlar üçin elýeter bolandygyny öňe sürýärler.Olar öz çykyşlarynda ýurtda hususy pudakda iň pes aýlyk hakynyň 3000-6000 manat aralygynda bolandygyny, umumy işsizligiň derejesiniň pes bolandygyny, raýatlaryň zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň her ýyl 10 göterim ýokarlandyrylýandygyny, ilatyň sarp edýän elektrik energiýasynyň we tebigy gazynyň aýlyk tölegleriniň ujypsyzdygyny aýdýarlar we şeýle çäreleriň netijesinde ilatyň hal-ýagdaýynyň gowulanandygyny, şol sebäpden ýeňilliki azyk paýlarynyň ýatyrylmalydygyny aýdýarlar.

Şeýle wagyz işleri Türkmenistan üçin täzelik däl. Döwlet eýeçiligindäki metbugat serişdeleri şeýle çykyşlary ýygy-ýygydan gaýtalaýar.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanda iň pes aýlyk haky 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda 1160 manat möçberinde bellenildi.

Ýöne Türkmenbaşy şäheriniň bir ýaşaýjysy deputatlaryň bolçulyk barada aýdýan sözleri bilen ylalaşmaýar.

Şäheriň orta mekdepleriniň birinde garawul bolup işleýän raýat, ýygnagyň dowamynda ör turup, deputatlaryň çykyşlaryna garşylyk beýan etdi. Ol özüniň aýlyk zähmet hakynyň 1300 manada barabar bolandygyny aýdýar.

Türkmenbaşynyň söwda nokatlarynda şu günler 50 kilogramlyk bir halta un 500 manat, bir kilogram et 70 manat, sogan 25 manat, kartoşka 9 manat, bir kilogram tüwi 30 manat, 5 litrlik ösümlik ýagy 178 manat.

Mekdep garawulynyň aýlygyna bir halta un, 2 kile et, 3 kile sogan, 3 kile kartoşka, 4 kile tüwi we 5 litr ösümlik ýagy düşýär.

Ol özüniň aýlyk hakynyň maşgalasyny, üç sany kämillik ýaşyna ýetmedik çagasyny eklemäge ýetmeýändigini aýdýar.

“Azyk harytlaryna degişli harajatlardan daşary, kommunal tölegler we mekdebe gatnaýan çagalaryň egin-eşiklerini, okuw esbaplaryny we beýleki zerurlyklaryny satyn almak üçin öz aýlygym ýetmeýär” diýip, mekdep garawuly deputatlaryň ýeňillikli azyk paýlaryny ýatyrmak teklibine garşylyk bildirdi.

Ýöne garawulyň Türkmenistanyň şertlerinde adaty bolmadyk jogaby we öz talaplaryny beýan edip bilmegi ýygnaga gatnaşýan howpsuzlyk işgärlerini kanagatlandyrmady.

“Senden bir zat soraldymy? Sen ýygnakdan soň mekdep direktoryňy hem ýanyňa alyp, edara bar. Sen ýaly şükürsiz adamlary näme etmelisini gowy bilýarin!” diýip, bir MHM işgäri mekdep garawulyna haýbat atdy we ýygnakdan çykaryp, kowup goýberdi.

Azatlyk Radiosy bu wakany Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň Balkan welaýat bölümine tassykladyp, ýa-da inkär etdirip bilmedi.

Redaksiýa mekdep garawulynyň adyny we familiýasyny agzamakdan saklanýar.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň "Watan" habarlar gepleşigi 12-nji aprelde Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerinde geçirilen aýrybaşga maslahatlar barada habar berdi.

Balkanyň Medeniýet öýünde geçirilen ýygnaga gatnaşan şaýatlaryň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň bermegine görä, howpsuzlyk işgäriniň gazaply haýbatlaryndan soň giň zala dymyşlyk aralaşdy.

“Başga-da arzyny aýtjak adamlar köpdi. Ýöne MHM ofiseriniň sözlerinden soň, adamlar dymmak we teklipleri bir agyzdan makullamak bilen oňdular” diýip, býujet işgärleri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Mekdep garawulynyň soňky ykbaly nämälim galýar.

Türkmenistanda häkimiýetler resmileriň tekliplerine garşylyk beýan edýän adamlara we tankydy garaýyşlara basyş edýär. Wakalaryň hökümetiň wersiýasy boýunça beýan edilişi bilen ylalaşmaýan adamlar häkimiýetler tarapyndan yzarlanýar we dürli basyşlara sezewar edilýärler.

Bu aralykda, Türkmenistanda raýatlar indi ençeme ýyl bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklardan ejir çekýär. Bazarlarda dowam edýän gymmatçylyk, raýatlaryň zähmet haklarynyň bazar sebedine gabat gelmezligi, walýutanyň gara bazar bahasynyň resmi alyş-çalyş kursundan 5-6 esse ýokarda galmagy, galyberse-de, hökümet tarapyndan resmi derejede boýun alynmaýan ýöne giň ýaýran işsizlik raýatlaryň güzeran şertlerine zarba urýar.

Häkimiýetler bar bolan problemalara garşy göreşmegiň deregine, problemalara ünsi çekýän raýatlara basyş görkezmek arkaly jogap bermegi saýlap alýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

DÖWLET BAŞTUTANYMYZ TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ TÄZE ÇAGYRYLYŞYNYŇ BIRINJI MASLAHATYNA GATNAŞDY
Mirziýoýew Özbegistanyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy
Anyk Teklibiň hyzmatlary indi Türkmenistanyň ähli welaýatlarynyň ýaşaýjylary üçin elýeterlidir
“TurkmenExporters” platformasyna täze mümkinçilikler girizildi
Türkmenistanda ilkinji gezek Harytlaryň Gümrük Koduny (HS Codes) onlaýn anyklamak mümkinçiligi döredi
Aşgabatda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi