Ýewropa Bileleşiginiň Türkiýe delegasiýasynyň başlygy ilçi Nikolaus Meýer-Landrut, TÜRKNOFED tarapyndan sanly ulgam arkaly geçirilen "23-nji Potratçylyk we işewür dünýä" atly maslahatda çykyş etdi.
Meýer-Landrut, koronawirus epidemiýasyna garşy Türkiýede sanjym işleriniň çalt depginler bilen dowam edýändigini, epidemiýanyň saglygy goraýyşyň we daşky gurşawyň ähmiýedini ýene-de bir gezek görkezendigini belläp: "Maksatlarymyzyň klimat üýtgeýşine gönükdirmegimiz gerek, yza süýşürmek üçin wagtymyz ýok. Innowasiýa çözgütlerini tapmagymyz örän möhüm" diýip belledi.
Klimat çalşygy sebäpli ýüze çykan synaglaryň hötdesinden ýurtlaryň ýeke başyna gelip bilmejekdigini aýdan Meýer-Landrut: "Ählimiziň global üpjünçilik ulgamlarynyň üstünde üýtgeşmeler geçirmegimiz gerek" diýip nygtady.
Ýewropanyň "Ýaşyl ylalaşygyna" laýyklykda üýtgeşmeleri söwda hyzmatdaşlary bilen adalatly we açyk bir gurşawda özgertmek isleýändigini aýdan Meýer-Landrut: "Türkiýe Ýewropa üçin möhüm bir hyzmatdaş. Awtoulagdan dokma pudagyna çenli uzap gidýän hyzmatdaşlyklar bar, ençeme önümçiligiň bir tarapy Ýewropada, beýleki tarapy bolsa Türkiýede" diýip belledi.
Meýer-Landrut dogry klimat we ýaşyl bazar emele getirmek üçin Türkiýäniň durmuşa geçirýän özgertmelerini oňyn kabul edýändiklerini habar berdi.