Mewlüt Çawuşogly ýene-de 172 raýatyň Ukrainadan ewakuasiýa edilendigini habar berdi

Mewlüt Çawuşogly ýene-de 172 raýatyň Ukrainadan ewakuasiýa edilendigini habar berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Twitterden beren beýanatynda, Kiýew, Lwow, Çernowsy, Harkow, Poltawa, Belaýa Tserkow we Konotop şäherlerinden ýene-de 172 türk raýatynyň ýola çykandygyny mälim etdi.

Ewakuasiýa bilen baglanşykly infografika paýlaşan Mewlüt Çawuşogly, 130 adamyň otly bilen Belaýa Tserkow, Lwow we Çernowsy şäherlerinden, ýene-de 42 adamyň bolsa awtobuslar bilen Harkow, Poltawa we Konotop şäherlerinden ewakuasiýa edilendigini aýan etdi.

Çawuşogly: "Ewakuasiýa edilen raýatlarymyzyň sany 14 müň 824-e ýetdi. Ýoluňyz açyk bolsun" diýip habar berdi.

Düýn 63 adama serhetden geçmäge kömek berendiklerini aýdan Mewlüt Çawuşogly, söweşiň başlan gününden bäri bolsa 4 müň 933 adamyň serhetden geçmek üçin kömek alandygyny beýan etdi.

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň habar çeşmeleri bolsa, Mariupol şäherindäki türk raýatlaryň ewakuasiýasy babatynda Russiýanyň Goranmak ministrligi bilen geçirilen işleriň we koordinasiýanyň netijesinde Russiýa tarapyndan ýollardaky minalaryň saplanandygyny aýan etdi.

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy.

Ýene degişli makalalar

Türkiyäniň raýatlarynyň Sudandan ewakuasiýa tapgyry tamamlandy
2024: TDG wadasy bitmedi, Aşgabat ýüzüni Günbatara tarap öwürýärmi?
Mewlüt Çawuşogly finlýandiýaly kärdeşini gutlady
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar
Prezident Erdogan Russiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
Mewlüt Çawuşogly Aksa metjidi bilen bagly beýannama berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny