Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly paýtagt Ankara şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň Türkiye delegasiýasynyň başlygy Nikolaus Meýer-Landrut we ÝB-ne agza ýurtlaryň Ankaradaky missiýalarynyň wekilleri bilen günortan naharynda duşuşyk geçirdi.
Başdan geçirilen bu apat tapgyrynda güýçli bir halkara raýdaşlygy görendiklerini aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Şol goldaw bize güýç berdi. Iň ösen ýurtlardan az ösen ýurtlara çenli ähli ýurtlar, bütin adamzat ýanymyzda. Bu diňe ýer titremäniň ululygy bilen arabaglanşykly däl, Türkiyä we türk milletine bildirilýän hormat bilen arabaglanşykly" diýip habar berdi.
Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň, bileleşige dalaşgär bolan ýurtlaryň we guramalaryň, şol goldawda paýynyň uludygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Ýer titreme diňe goňşuçylygymyzy, dostlygymyzy, ýaranlygymyzy däl, eýsem adamzat gatnaşyklarymyzy hem ýene-de bir gezek ýatlatdy.
Bu ruhuň öňümizdäki döwürde Türkiye-ÝB gatnaşyklaryna ähli taraplaýyn täsir ýetirer diýip umyt edýärin.Sebitleýin we halkara hadysalar, jebisligimiziň global derejede nähili derejede möhümdigini görkezýär" diýip mälim etdi.
Mewlüt Çawuşogly: "Şol sebäpli ÝB-ne agza we dalaşgär ýurtlar bilen guramalaryna ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirýärin" diýip belledi.