Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Twitterden beren beýanatynda, Şwesiýanyň Daşary işler ministri Tobias Billstremiň Norwegiýanyň paýtagty Oslo şäherinde geçirilen NATO agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatynda beren beýanatyna jogap berdi.
Ministr Mewlüt Çawuşogly, beýanatynda: "Şwesiýaly dostlarymyza örän açyk bir ýüzlenme. Üçtaraplaýyn memorandumdan gözbaş alýan jogapkärçilikleri ýerine ýetirmek we terrora garşy göreşde anyk ädimler etmek barada çagyryş berýäris. Beýleki meseleler diňe şondan soň çözüler" diýip habar berdi.
Tobias Billstrem Twitterden maslahat barada beren beýanatynda: "Şu gün Osloda geçirilen NATO agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatynda agza döwletler Şwesiýanyň NATO agzalygyna güýçli goldawyny görkezdiler. Ol Türkiyä we Wengriýa Şwesiýanyň NATO agzalygyny tassyklamaga başlamaklary barada açyk bir ýüzlenme" diýip belläpdi.