Mewlüt Çawuşogly Gwineýalylara çagyryş berdi...

Mewlüt Çawuşogly Gwineýalylara çagyryş berdi...

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly gwineýalylara çagyryş berip: "Size kömek bermek isleýänler, sizi ulanmak isleýändigini biliň. Şol sebäpli agzybirligiňizi we jebisligiňizi goraň, iň gysga wagtda demokratik düzgünlere laýyklykda hereket edip, raýat demokratiýasyna geçiň" diýip çagyryş berdi.

Mewlüt Çawuşogly we Ruandanyň Daşary işler we Halkara hyzmatdaşlyk ministri Winsent Biruta bilen paýtagt Ankara şäherinde geçiren ikiçäk we toparara gepleşiklerden soň umumy metbugat ýygnagyny geçirdiler.

Ruanda döwletinde 27 ýyl ozal başdan geçirilen gyrgynçylygyň üstünde durup geçen Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň hemişe adamzada garşy edilen jenaýatlara, zuluma we rasizme garşy bolandygyny mälim etdi.

Çawuşogly, türk kärhanalarynyň Ruandadaky Kigali howa menziiline bildirýän gyzyklanmanyň üstünde durup geçip: "Bu aslyna garanyňda kärhanalarymyzyň umumy potensialy görendigini görkezýär. Bilelikde kärhanalarymyzy höweslendirmelidiris" diýip habar berdi.

Metbugat ýygnagynyň ahyrynda metbugat işgärleriniň Gwineýada başdan geçirilen harby agdarlyşyk bilen bagly soragyna jogap beren Çawuşogly: "Biz nirede bolsa bolsun, kime garşy edilse edilsin, kim etsen etsin demokratiýadan daşary goşulyşmalara, agdarlyşyklara garşydyrys" diýip beýan etdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly gwineýalylara çagyryş berip: "Size kömek bermek isleýänler, sizi ulanmak isleýändigini biliň. Şol sebäpli agzybirligiňizi we jebisligiňizi goraň, iň gysga wagtda demokratik düzgünlere laýyklykda hereket edip, raýat demokratiýasyna geçiň" diýip çagyryş berdi.

Ýene degişli makalalar

2024: TDG wadasy bitmedi, Aşgabat ýüzüni Günbatara tarap öwürýärmi?
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar
Prezident Erdogan Russiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
Mewlüt Çawuşogly Aksa metjidi bilen bagly beýannama berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi
Türkmenistan Türkiýäniň TOGG elektrik awtoulagyna isleg bildirdi