Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanata görä, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.
Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Stambul Galla ylalaşygynyň möhlediniň uzadylmagyny ara alyp maslahatlaşdy.
Ministr Mewlüt Çawuşogly Norwegiýanyň Daşary işler ministri Anniken Huitfeldt bilen hem telefon arkaly söhbetdeş boldy.
Mewlüt Çawuşogly Anniken Huitfeldte Norwegiýanyň 6-njy fewralda Türkiyede başdan geçirilen güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titreme sebäpli beren goldawlary we raýdaşlygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Telefon söhbetdeşliginde mundan başgada NATO-nyň giňelmegi, Stambul Galla geçelgesi ylalaşygynyň möhlediniň uzadylmagy, Owganystandaky we Somalidäki hadysalar ara alynyp maslahatlaşyldy.
Mewlüt Çawuşogly Tunisiň täze Daşary işler ministri Nabil Ammar bilen hem gutlamak maksady bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.
Mewlüt Çawuşogly hem norwegiýaly hem-de tunisli kärdeşlerine ýer titremeden soň beren goldawlary we raýadaşlyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.