Mewlüt Çawuşogly Bosniýa-Gersegowinada saparda bolýar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Bosniýa-Gersegowinanyň Prezidium geňeşiniň horwatiýaly agzasy Želko Komşiç we Geňeşiň başlygy Şefik Džaferowiç tarapyndan kabul edildi, Demokrat hereket partiýasynyň başlygy Bakir Izzetbegowiç bilen duşuşyk geçirdi.

Mewlüt Çawuşogly sosial media hasabyndan geçiren duşuşyklary barada beren beýanatynda: "Bosniýa-Gersegowinanyň Prezidium geňeşiniň horwatiýaly agzasy Želko Komşiç bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy, Bosniýa-Gersegowinadaky we sebitdäki hadysalary ele aldyk.Bosniýa-Gersegowinanyň Prezidiumynyň başlygy Şefik Džaferowiç bilen duşuşyk geçirdim.

Bosniýa-Gersegowinanyň territorial bütewiligine, özygtyýarlylygyna we durnuklylygyna berýän goldawymyz dowam eder.Bosniýa-Gersegowinanyň Halklar mejlisiniň Baş Diwanynyň bosniýaly agzasy we Demokrat hereket partiýasynyň başlygy Bakir Izzetbegowiç bilen Sereýewoda duşuşyk geçirdik" diýip habar berdi.

Mewlüt Çawuşogly resmi saparyndan soň Ýewropa çempionatynyň B toparynyň duşuşyklary üçin Saraýewo şäherine baran Türkiýäniň Tigirli oturgyçdaky milli basketbol ýygyndysynyň agzalary bilen duşuşdy we olara üstünlik arzuw etdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen geçiren duşuşygyklaryndan soň metbugata beýannama beren Komşiç we Džaferowiç Mewlüt Çawuşoglynyň Bosniýa-Gersegowina guran saparyndan hoşaldyklaryny habar berdiler.

Ýene degişli makalalar

2024: TDG wadasy bitmedi, Aşgabat ýüzüni Günbatara tarap öwürýärmi?
Mewlüt Çawuşogly iordaniýaly kärdeşi Safadi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Türkiyäniň raýatlarynyň Sudandan ewakuasiýa tapgyry tamamlandy
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar
1490 Adamy Sudandan Çykardyk
Çawuşogly: "Energiýa üpjünçiliginde Ýewropanyň möhüm aktory ýagdaýyna geldik" diýdi
Çawuşogly: "Eden-etdiliklere ýol bermeris" diýdi