Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Kowaçi şehitligine zyýarat edip, ýurdyň ilkinji Prezidenti Aliýa Izzetbegowiçiň aramgähine gül desselerini goýdy.
Baş Bazara gezelenç eden Mewlüt Çawuşogly, ol ýerde TRT-nyň "Direliş: Ärtogryl" serialynda Yslamy saýlap alan haçly esgerini janlandyran we TRT Dokumental film kanalynda "Maşgalanyň täze agzasy" gepleşigini alyp barýan Reşad Strik bilen söhbetdeş boldy.
Mewlüt Çawuşogly, ondan soň bolsa taryhy Gazy Hüsrew Beg metjidiniň howlusynda ýerleşýän Gazy Hüsrew Beý aramgähini zyýarat etdi.
Gazy Hüsrew Beg metjidiniň baş ymamy Mensur Malkiçden maglumat alan Mewlüt Çawuşogly, Sloweniýanyň müftüsi Nedzad Grabusa salamyny ugratdy.
Malkiç hem Gazi Hüsrew Begiň Saraýewo gelişiniň 500-nji ýylyny ýatlap geçýändiklerini habar berip, onuň goýup giden eserleriniň şu günki güne çenli bize gelip ýetendigii mälim etdi.
Mewlüt Çawuşogly soň bolsa Bosniýa-Gersegowinanyň Daşary işler ministri Bisera Turkowiçiň ýer eýeçilik etmeginde geçirilen agzaçara gatnaşdy.