Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministri Abdullah bin Zaýid Al Nahaýan bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.
Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä telefon söhbetdeşliginde Türkiye bilen BAE-niň arasynda Giňişleýin Ykdysady hyzmatdaşlyk ylalaşygyny tassyklamak tapgyry we ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklar ara alynyp maslahatlaşyldy.
Telefon söhbetdeşliginde Balkan sebitindäki hadysalar barada hem pikir alyşyldy.