Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly paýtagt Ankara şäheriniň Keçiören etrabynda geçirilen agzaçar programmasynda raýatlar we ýaşlar bilen duşuşyk geçirdi.
Mewlüt Çawuşogly Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň Aksa metjidine garşy amala aşyran hereketleri barada: "Remezan aýynda ysraýyllylar Aksa metjidine girdiler, metjidiň mukaddesligini bozýan ädimler etdiler we biz ol herekede garşy elbetde sessiz galmadyk.
Palestina jaň etdik, Ysraýyl bilen hem söhbetdeş bolduk we hüjümleriň hemişelik ýagdaýda bes edilmegini isledik.Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan maslahat geçirilmegini we maslahatda möhüm kararlar kabul edilmegini üpjün etdik.
Netijede Türkiye hökmünde Palestina dawasyny, Aksa metjidini, Iýerusalimi hemişe bolşy ýaly goramaga dowam ederis.Meselä bolan duýgurlygymyz hiç haçan üýtgemez" diýip belledi.
Dünýäniň çar tarapynda meseleleriň we çaknyşyklaryň bardygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly, Türkiyäniň Afrikadaky, Aziýadaky we Günorta Amerikadaky başlangyçlary bilen dünýäniň her ýerinde baýdagyny pasyrdadýan, güýjüni görkezýän we dünýäniň her bir sebiti bilen gatnaşyklaryny özgerden bir ýurtdugyny habar berdi.