Mewlüt Çawuşogly ABŞ-nyň PKK/ÝPG-e berýän goldawy barada beýannama berdi

Mewlüt Çawuşogly ABŞ-nyň PKK/ÝPG-e berýän goldawy barada beýannama berdi

Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde türk metbugat işgärlerine daşary syýasatda başdan geçirilen soňky hadysalar barada maglumat berdi.

Siriýanyň demirgazyk-gündogaryndan uçup, Demirgazyk Yrakda ýere gaçan PKK-a agza terrorçylary daşaýan dikuçar bilen bagly soraga Mewlüt Çawuşogly: "ABŞ-nyň Siriýada ÝPG/PKK her dürli ýarag, harby enjam, tälim goldawyny berýändigi açykdyr, äşgärdir.

Ony şeýle hem gizlemeýärler.Bir bahanalary hem bar, ol hem DAIŞ-e garşy göreş.Elbetde şol dikuçaryň kime degişlidigi möhüm.Kim satyn alypdyr, kim üpjün edipdir, kim tarapyndan ulanylypdyr?" diýip belledi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ABŞ-nyň dikuçardan habarynyň bolup-bolmandygy bilen bagly soraga: "Netijede şol sebitiň howa giňişligi kimiň gözegçiliginde? ABŞ-nyň gözegçiliginde. Şol sebäpli howa giňişligi meniň gözegçiligim astynda bolsa, bir dron hem geçse, bir guş hem uçsa meniň habarym bardyr. Howa giňişligine gözegçilik edýänlerden rugsat almadan bir dikuçaryň uçmagy mümkin däl" diýip nygtady.

ABŞ-nyň esgerleriniň Siriýada bolmaklary we geçen aý hem ABŞ-nyň Baş ştabynyň sebite guran saparynda, PKK-a agza terrorçylar bilen duşuşyklar geçirip-geçirmändigi bilen bagly soraga Mewlüt Çawuşogly, Amerikan esgerleriniň Siriýada ÝPG/PKK-ny goldamak üçin şol ýerdediklerini belläp: "Netijede Baş ştabyň başlygynyň olar bilen duşuşyk geçirip-geçirmändigi möhüm däl.

Terrorçy PKK-lylara tälim berýän esgerleri bilen duşuşyk geçirdi" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar
Türkiýe Enegetika Boýunça Global Güýje Öwrüldi
Mewlüt Çawuşogly Şwesiýanyň NATO agzalygy barada beýanat berdi
Çawuşogly "Asyrlaryň diplomatik tejribesi" atly simpoziumda çykyş etdi
Mewlüt Çawuşogly ysraýylly kärdeşi Eli Koen bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
1490 Adamy Sudandan Çykardyk
Mewlüt Çawuşogly finlýandiýaly kärdeşini gutlady