Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän Türk Öýüne guralan hüjüm bilen baglanşykly: "Diňe Türk Öýüne däl, eýsem ABŞ-daky beýleki missiýalarymyza garşy howpsuzlyk çäreleriniň artdyrylmagy barada talap bildirdik" diýip habar berdi.
Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän Türk Öýüne guralan hüjüm bilen baglanşykly beýannama berdi.
Mewlüt Çawuşogly entek hüjümçiniň saklanmandygyny, materiallaryň bardygyny we saklanmagy üçin giň gerimli çäreleriň görülýändigini mälim etdi.
Ministr Çawuşogly sebitde goşmaça çäreleriň görülendigini, Polisiýa nokadynyň guruljakdygyny we gurulýança çenli Nýu-Ýork şäheriniň Polisiýa gullugyna degişli ulaglaryň sebitde nobat tutjakdygyny belläp, hüjümiň näme sebäpli guralandygynyň entek anyklanmandygyny, emma hüjümçi saklananyndan soň onuň hem mälim bolup biljekdigini aýan etdi.
Hüjümçiniň barmak yzynyň lomda tapylandygyny we iň tiz wagtda saklanjakdygyna ynanýandygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Nýu-Ýork şäheriniň Polisiýa gullugy bilen birlikde Döwlet sekretarlygynyň hem mesele bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny görýäris.
Geçirilen soňky işler bilen baglanşykly ABŞ-nyň Ankaradaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Jeff Fleýk hat ugradypdyr, soň bolsa telefon arkaly söhbetdeş boldyk.Mesele bilen ýakyndan gyzyklanýandyklary üçin özlerine minnetdarlyk bildirdik" diýip habar berdi.
Mewlüt Çawuşogly ýer eýesi ýurt hökmünde diplomatik missiýalaryň goralmagynda ABŞ-nyň jogapkärdigini belläp: "Iň gysga wagtda şol şahsyýetiň tussag edilmegine garaşýarys. Diňe Türk Öýüne däl, eýsem ABŞ-daky beýleki missiýalarymyza garşy howpsuzlyk çäreleriniň artdyrylmagy barada talap bildirdik. Ilçimiz, egindeşlerimiz, Ankaradan biz hem mesele bilen ýakyndan gyzyklanýarys" diýip beýan etdi.