Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, Özbegistanyň Fergana şäheri bilen Türk dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty hökmünde yglan edilen Kokantda saparda boldy.
“Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanşygy. Wehimler we mümkinçilikler” atly ýokary derejeli maslahata gatnaşmak üçin Özbegistana baran Çawuşogly Twitter hasabyndan beren habarnamasynda Fergana we Kokanda barandygyny mälim etdi.
Çawuşogly habarnamasynda: “Gadymy medeniýete we hasylly topraklara eýe ata ýurdumyz Özbegistanyň Fergana welaýatyna we Türk dünýäsinin syýahatçylyk paýtagty Kokanda Özbegistanyň Medeniýet ministri Ozadbek Nazarbekow bilen sapar etdik” diýip ýazdy.